TurkmensNews-  Hytaýyda koronawirus epidemigasyna garşy ozal SARS MERS hassalyklarynda peydaly bolan dermanlardan biri synalyp görüler Hytaýda koronawirusa garşy derman synagdan geçiriler

Ýurduň metbugatynda çykan habarlara görä Amerikan derman firmasy “Gilead Skaýnes” tarapyndan öndürilen “Remdesiwir” atly dermana Hytaýyň Ylym we tehnologiýa ministrligi, Milli saglygy goraýyş gullugy we Milli saglyk önümleri edarasy kliniki synaglara başlanmagy üçin tassyknama berdi.

Ozal koronawirus maşgalasyndan bolan SARS-a we MERS-e garşy geçirilen hem-de haýwan synaglaryndan üstünlikli netijeler alynan “Remdesiwiriň” kliniki synaglary üçin 761 hassa bellige durdy.

Şol synaglar Hytaýyň Saglygy goraýyş ylymlary akademiýasynyň çäginde iş alyp barýan Hytaý-Ýapon Dostluk hassahanasy bilen epidemiýanyň merkezi Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde birnäçe hassahada şol bir wagtda dowam etdiriler.

Beýleki tarapdan Wuhanyň Wirus ylmy instituty “Remdesiwiriň” ulanylmagy üçin ýurdunyň patent edaralaryna ýüz tutdy.

Hytaýyň Milli saglygy goraýyş gullugy bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan 1500 hubeýliniň welaýata alynyp gidilendigi habar berdi.

انتشار دهنده : shirzad
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۱۱:۰۴

۱۸ بهمن ۱۳۹۸

کد خبر :

69286

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک