ترکمن نیوز

Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1771-e ýetdiTurkmensNews-  Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasynyň ýokan adamlarynyň sany 10 müň ۶۴۴-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 70 müň ۵۴۸-e ýeten bolsa, ýogalan adamlaryň sany 1-i Gonkongda bolmak bilen jemi 1771-e ýetdi.

 

Täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 105 adam ýogalan bolsa, keseliň ýokan adamlaryň sany ýene-de 2 müň ۴۸ adam köpeldi.

Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde 2019-njy ýylyň ۱۲-nji dekabrynda ýüze çykan täze görnüş koronawirus Kovid-19 epidemiýasynyň, gysga wagtda beýleki şäherlere we ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

 

 

تاریخ و زمان خبر

17

02

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda