ترکمن نیوز

Heýsäm Bin Tarok al-Saeed Omanyň täze soltany boldyTurkmensNews-  Omanyň soltany Gabus Bin Saeediň dünýäden gatmagynyň yzy bilen Heýsäm Bin Tarok al-Saeed bu ýurduň täze soltany höküminde belli edildi

Al-Alam tele kanalyň beren habaryna görä dünýäden gaýdan soltan Gabusyň dogan oglany we Omanyň medeni miras ministri bolan Heýsäm Bin Tarok al-Saeed umuman soltan Gabusyň ýörite wekilidi we ondan ozal bu ýurduň daşary işler ministrliginde işleýärdi.

Omanyň goranmak boýunça ýokary geňeşi şu gün adatdan daşary bir maslahaty geçirdi we onuň boýunda Heýsäm Bin Tarok al-Saeed Omanyň täze soltany höküminde kasam etdi.

Omanyň wepat bolan soltany Gabus Bin Saeed içege keseline uçrap ençeme wagtlap hassalap ýatany soň ۷۹ ýaşynda dünýäden gaýtdy.

soltan Gabus Bin Saeediň dünýäden gaýtmagynyň yzy bilen bu ýurtda 3 gün umumy matam yglan edildi.

تاریخ و زمان خبر

11

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda