• news ID :

    77049

  • /
  • Date :

    2020-06-10

  • Font

nvdhd ocv 300x206 - Hazar Deňizinde HyzmatdaşlykTurkmensnews- Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Hazar deňizinde hyzmatdaşlkyk potensialy hakynda durup geçeris.

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjandaky İlçisi Mekan Işgangulyýewiň insiatiwasy, Aktau, Baku, Türkmenbaşy we Kuryk deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirildi. Maslahatda koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we pandemiýa döwründe Hazar deňizinde görüljek bilelikdäki çäreler hakynda pikir alyşyldy. Taraplar şol portlaryň arasynda elekrton maglumat alyşygynyň ýola goýulmagy, epidemologik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ýük gatnawy we karantin meselelerinde portlararda işleriň utgaşykly alynyp barylmagy boýunça ylalaşdylar.

Pandemiýa şertleri halkara gatnawynda Hazar deňiziniň eýe bolan ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Awtomatlaşdyrylan ýük gatnawynda Hazardaky Ro-ro gatnawlary günbatar bilen gündogary gysga ýoldan birikdirjek möhüm çözgüt ýoly hökmünde öňe saýlandy.

Mälim bolşy ýaly 1990-njy ýyla çenli Hazar deňizinde Russiýa bilen Eýranyň sözi geçýärdi. Hazara kenardaş bolan türki dilli döwletleriň garaşsyzlyklaryny yglan etmeginden soň deňiz kenarlarynyň esasy bölegi Gazagystanyň (2320 km.), Türkmenistanyň (1200 km.) we Azerbaýjanyň (955 km.) serhetleriniň çägine degişli boldy.

Russiýa (695 km.) we Eýranyň (724 km) deňiz serhetleri beýleki ýurtlaryň serhetlerinde has az.

2018-nji ýylyň awgust aýynda Aktauda geçirilen Hazara kenardaş ýurtlaryň liderleriniň maslahatynda Hazar deňiziniň hukuk derejesi kesgitlenip, deňiziň howpsyzlygy we ulanyş şertleri boýunça esasy bökdeçlik ortadan aýryldy.

Türkmenistanyň ozalky prezidenti Samarmyrat Nyýazow döwründe Hazardaky energiýa känleri sebäpli Azerbaýjan bilen ýüze çykan dartgynlyk indi hyzmatdaşlyga öwrüldi. Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri soňky ýyllarda özara saparlary amala aşyryp, gatnaşyklary ödürýän 38 ylalaşyga gol çekişdiler.

Soňky ýyllarda hem Azerbaýjan hem Gazagystan hem-de Türkmenistan Hazardaky deňiz portlaryna uly maýa goýdular. 2016-njy ýylda Gazagystanda Kuryk, 2017-nji ýylda Türkmenistanda Türkmenbaşy, Azerbaýjanda bolsa Alat atly portlar guruldy. Şol maýa goýumlarynyň ählisi demirgazyk Russiýanyň, günortada Eýranyň öz strategik pozisiýalaryny sebitleýin hem-de özara gatnaşyklarda basyş serişdesi hökmünde ulanmak islän halatynda alternatiw gatnaw ýoly hökmünde iňňän möhüm.

Türk geňeşiniň aprel aýyndaky soňky nobatdan daşary sammitinde gurama agza we synçy ýurtlaryň arasynda pandemi şertlerinde ýokary hyzmartdaşlygyň edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylypdy. Gurama agza ýurtlaryň ulaglar ministrleriniň soňky gezek bolsa Hazaryň kenarynda portlaryň ýolbaşçylarynyň maslahatlary Türk dünýäsiniň jebisligi taýdan iňňän möhüm işleriň alynyp barylýandygyny görkezýär.

Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdüren halatynda Hazaryň energiýa çeşmeleri Türkiýäniň üstaşyr günbatar ýurtlaryna bökdençsiz ýetiriler. Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly diňe bir ýük däl, eýsem gündogar bilen günbatary Hazar deňiziniň üstaşyr birikdirýän ýolagçy gatnaw ugry hökmünde-de peýdalanylyp bilner.

Adybir ýurtlaryň degişli portlary Hazaryň iki ýakasynda syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşup bilerler.

Hem “Lapis Lazuli” ugry hem Gara deňiz-Hazar deňizi halkara gatnaw koridory, hem-de Halkara orta koridorynyň giňeldilmegi Hazar deňizindäki üç ýurduň hyzmatdaşlygynyň gerimine bagly bolup durýar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز