• news ID :

    81607

  • /
  • Date :

    2020-08-27

  • Font

Halkara Atom Energiýasy 300x169 - Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen kadaly gatnaşyklary isleýärisTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri twitde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri bilen “örän peýdaly” duşuşyga yşarat edip, Tähranyň IAEA bilen kadaly gatnaşyklary saklamaga taýýardygyny aýtdy we käbir bidüzgünçilikler barada duýduryş berdi.

 

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif twitiniň dowamynda Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň bilen gatnaşyklary örän aç-açan boldy diýmek bilen,Eýranda geçirilmeli halkara Gözlegleriň 92% -den gowragy Eýranda şuňa meňzeş global ýagdaýlarda geçirildi diýip yglan etdi.

Käbirleri ýapyk we tamamlanan meseleleriň açylmagyna itergi bermek bilen bu aç-açanlygy ýok etmegiň yzyndadyrlar diýip Zarif duýduryş berdi.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi duşenbe güni Eýranyň resmileri bilen iki günlük duşuşyk üçin wekiliýetiň başynda Tährana geldi.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Tährana wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Grossi sişenbe güni Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi bilen hem duşuşdy.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy bilen bolan duşuşygynda:Halkara Atom Energiýasy Guramasy dünýä syýasatynyň bir bölegi bolan basyş astynda bolsada  ýöne täsir astynda däldir diýdi.

 

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز