ترکمن نیوز

Gyrgyzystanyň prezidenti 300x169 - Gyrgyzystanyň prezidenti işinden çekildiTurkmensNews-  Gyrgyzystanyň prezidenti paýtagt Bişkekde soňky çaknyşyklardan soň penşenbe güni işinden aýryldy

 

Al-Maýadin teleýaýlymynyň habaryna görä, “Soronbaý Jinbekow” Gyrgyzystanda dowam edýän syýasy dartgynlyga yşarat edip, ýurduň bitewiligini, halkyň jebisligini we jemgyýetiň asudalygyny goramagyň iň möhüm meseledigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti şeýle-de syýasy çaknyşykdaky taraplary öjikdiriji hereketlerini bes etmäge çagyrdy.

Anna güni agşam, JinBekow paýtagt Bişkekde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we harbylary saýlaw tolgunyşyklaryny we partiýa tarapdarlarynyň arasyndaky köçe çaknyşyklaryny bes etmäge çagyrdy.

Gyrgyzystanda gozgalaňlar ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri yglan edilenden soň başlandy, şondan soň saýlaw komissiýasy köpçülikleýin nägileliklerden soň duşenbe güni agşam netijeleri ýatyrdy.

Netijelere görä dört partiýa parlamente girdi we beýleki 12 partiýa 120 agzaly Gyrgyzystanyň mejlisine girmek üçin 7% gerek sesi alyp bilmedi.

Duşenbe güni gije Bişkekdäki bidüzgünçiliklerde bir adam ölüp, 590 adam ýaralandy.

 

تاریخ و زمان خبر

16

10

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda