ترکمن نیوز

Güwerjinada galasy ÝUNESKO-nyň miras sanawyna goşuldyTurkmensNews-  Türkiýäniň Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyndaky taryhy Güwerjinada galasy ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawynyň wagtlaýyn sanawyna goşuldy

Güwerjinada galasy Kuşadasy etraby tarapyndan “Genuýa Söwda ýolunda Ortaýer deňzinden Gara deňzine çenli gala we diwarly ýaşaýyş ýerleri” delosynyň çägindäki ýüz tutmasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlenmeginden soň geçiriljek seljeriş işleriniň netijesinde Dünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawyna goşulmaga hukuk gazandy.

Osman imperiýasy döwründe abatlanan galanyň taryynyň ۱۳-nji asyryň ahyrlarynda ýa-da 14-nji asyryň başlarynda Kuşadasyna gelen genuýalylara çenli uzap gidýändigi bilinýär.

Güwerjinada galasy Kuşadasy etraby üçin simwoligi häsýete eýe.

تاریخ و زمان خبر

01

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda