ترکمن نیوز

،TÜRKMEN 300x152 - GURLUŞYK PUDAGYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDITurkmensNews-  ۲۰۲۰nji ýylyň ۱۵-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildiTürkmen tarapyndan duşuşyga Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary M.Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy I.Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Hlutkow we Sankt-Peterburgyň işewürler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda gurluşyk ulgamynda tejribe alyşmak, ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň täze önümçilik tehnologiýalaryny girizmek meseleleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy, durnuklylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar 2020-nji ýylyň ۱۹-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda ýetilen ylalaşyklara laýyklykda bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary barada belläp geçdiler.

تاریخ و زمان خبر

17

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda