ترکمن نیوز

4bvb2fcadb9cea1p8yq 800C450 300x169 - Gurban baýramy gutly bolsunTurkmensnews- Ertir (anna) 1441-nji ýylyň gurban aýynyň ony, 2020-nji ýylyň ۳۱-nji iýulyna deň bolan “Gurban baýramy” musulmanlaryň iň uly baýramlaryndan biridir.

Gurban baýramynda Hudaýyň öýüne zyýarat edenler, Taňrynyň emri bilen we onuň razylygy üçin gurban edýärler, Hudaýyň beýik pygamberi Ybraýym pygamberiň (AS) ýatlamasyny dowam etdirýärler.

Iman we yhlas synamak üçin Hudaý Ybraýyma (saw) ogly Ysmaýyly (saw) Hudaýyň ýolunda gurban etmegi tabşyrdy.

Bu işiň kynlygyna garamazdan, Ybraýym pygamber (as) ylahy buýruga boýun boldy we bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge taýýardy, ýöne näçe synanyşsa-da ogly Hezreti Ysmaýylyň (AS) bokurdagyny pyçak kesmedi.

Bu aralykda, Ybraýym pygambere (as) ylahy synagdan buýsanç bilen çykandygy we Ysmaýylyň (AS) ýerine gurban etmek üçin goýun iberilendigi aýdylýar.

Bu öwrediji hekaýa, özüňi pida etmek, nebsiňi ýeňip geçmek we Taňrynyň buýrugyna boýun bolmak sapagydyr.

Şol sebäpli dünýäniň musulmanlary gurban aýynyň onunjy gününi beýik we şöhratly yslam baýramy hökmünde belleýärler we ondan yhlas we gullyk sapagyny alýarlar.

تاریخ و زمان خبر

30

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda