ترکمن نیوز

TurkmensNews- تورکمنستانینگ بازاریGaraşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda döwlet dükanlarynyň tekjelerinde ýene arzan azyk önümleri peýda boldy. “Gülistan” we “Sumbar” söwda merkezlerindäki dükanlarda, Aşgabatdakt Teke bazarynda we Daşoguz bazarynda bu harytlar üçin uzyn nobatlara durýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Ýatladýarys, ýurtda häzir azyk önümleriniň gytçylygy duýulýar. Hususan-da ösümlik ýagy, un we towuk eti ýetmezçilik edýär. Emma, baýramçylygyň öňünden prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýruşy ýaly, “ýurtda azyk bolçulygy berjaý edilýär”.

Arzan bahadan satylýan harytlar çäklendirilen möçberde goýberilýär. Bir ele 8 manatdan satylýan towuk budy 2 kilogramdan kän berilmeýär, bananyň kilogramy 6 manat, armydyň kilogramy 8 manat, ýumurtganyň ۳۰ sanysy 10 manat. Teke bazarynda nobatlar gündogar derwezeden demirgazyk derwezä çenli uzaýar.

Ozal 1 kg banan 18 manatdan, 1 kg armyt -15 manatdy, olaryň nobaty ýokdy. Indi arzan azyk satyn almak umydy bilen, adamlar sagatlap tekjeleriň öňünde nobata durýarlar we käte ol ýerde gykylyk-galmagal turýar. TH-nyň habarçylary Teke bazarynda, 30-njy mikroraýondaky “Garagum” dükanynyda, “Ahal” ýagynyň satylýan ýerinde dawa-jenjeliň köp bolýandygyny habar berýärler.

Haçanda azyk önümleri gutaraňkyrlap, täze tapgyry getirilmänkä, satyjylar has hem çäklendirilen görnüşde satýarlar. Mysal üçin, 30 ýumurtga derek 10 ýumurtgadan ýa-da adam başyna 6 ýumurtgadan goýberýärler.

Nobatlar ir sagat 6-dan başlanýar. Mysal üçin, “Garagum” dükanynda şol wagtlar 100-e golaý adamy görse bolýar. Bu hili bahalaryň diňe baýramçylyk tamam bolýança saklanjagyna düşünýän adamlar, has köpräk haryt almak umydy bilen öz ýanlaryna çagalaryny hem alyp gelýärler. Emma satyjylar olaryň bir maşgalanyň agzasydygyny bilseler, beýle adamlara bir adama berilmelisinden artyk haryt bermeýärler.

Ýatladýarys, TH 10-njy sentýabrda, Halk maslahatynyň öňünden Aşgabatdaky döwlet dükanlaryna arzan, bahalary subsidirlenen nyrhdan goýlan hatyrlaryň getirilendigini we şunuň ýaly çäklendirilen görnüşde satylandygyny habar berdi.

تاریخ و زمان خبر

02

10

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda