• news ID :

    7554

  • /
  • Date :

    2017-12-07

  • Font

Garajaoglan2 178x300 - Garajaoglan( 1606-1679 )


Garajaoglan
şahyryň edebi lakamydyr. Onuň çyn ady Hasan bol­maly.

Kakasyna Gara Ylýas diýer ekenler. Garajaoglan dün­ýä inende, ata-enesi oňa Akgoýunly türkmen döwletini do­lan­dy­ran Uzyn Hasanyň adyny dakýar. Çyn adynyň Hasan bo­lan­dygy barada şahyryň özem goşgularynda ýatlap geçýär:

Garajaoglan Hasan adym,
Gözellerde galdy dadym.

Garajaoglan çarwa durmuşynda ýaşap, ýaşlykdan owlak-guzy bakyp ýören wagtlary saz çalyp, aýdym aýtmagy, goşgy düz­megi öwrenýär. Şol döwürde ol Oglan bagşy, Oglan şahyr di­ýip adygýar. Soňra kämillik ýaşyna ýetende bolsa, boý-sy­ra­ty­na garap, garaýagyz bolany üçin, Garajaoglan ady ýörgünli bo­lup gidiberýär.

Şahyryň ömür beýany we döredijiligi barada köp işler alyp baran Jahyt Öztelli Ahmet Hamdy Ependiniň (1831-1911) gündelik görnüşindäki ýazgylaryny Garajaoglanyň geçen dur­muş ýoluny hem-de edebi mirasyny öwrenmekde ygtybarly çeş­­meleriň biri hasaplapdyr. Ol Türkiýäniň Warsak obasynda ýa­şaýan saýylogullary türkmenleriň arasynda bolup, Gara­jaog­la­na degişli köp maglumatlary toplapdyr. Ol şahyryň aslynyň türkmenleriň saýylogullary taýpasyndandygyny, kakasynyň Ga­­ra Ylýas, öz adynyň hem Hasan diýlip atlandyrylandygyny ýaz­ga geçiripdir. Bu aýdylanlary Garajaoglanyň öz goşgulary-da kepillendirýär:

Kozan dagyndan neslimiz,
Ary türkmendir aslymyz,
Warsakdyr durak ýerimiz,
Ýat ilde ýar eglär bizi.

Türkmenistanda ýazylyp alnan maglumatlarda Garajaog­la­nyň Magtymgulynyň öňüsyrasynda Balkan, Soňudag se­bit­lerinde ýaşap geçendigi aýdylýar. Onuň ýaşlyk hem ýet­gin­jeklik ýyllary şol töwereklerde geçen bolmaly. Soňra haýsydyr bir sebäbe görä, Garajaoglan dogduk diýaryndan çykyp git­mä­ge mejbur bolýar. Ol türkmenleriň uly döwletler guran ýurdy bolan Kiçi Aziýa – Türkiýä baryp düşýär. Şol ýerde-de ol köp welaýatlary aýlanyp, türkmen ýaýlalarynda, obadyr şäher­le­rin­de şirin owazy bilen arkadaşlaryna aýdym aýdyp, goşgy okap beripdir. Halk irki döwürlerde şeýle aýdymçylary ozan, soň­ra­ky döwürlerde bolsa aşyk ýa-da bagşy diýip atlandyrypdyr.

Garajaoglanyň ömür beýany hem döredijiligi barada halk arasynda hekaýatlardyr rowaýatlar hem aýdylyp gelinýär. Olaryň köpüsinde şahyryň durmuş hem döredijilik ýoly bilen bagly haýsydyr bir durmuş hakykaty bolup, ol soňra rowaýata öwrülip gidipdir. Türkiýede halk tarapyndan şahyr barada «Garaja Oglan bilen Meňli gyz», «Garaja Oglan bilen ýaýla gözeli», «Garaja Oglan bilen Garagyz», «Garaja Oglan bilen Elip gelin» atly dessanlar döredilipdir. Bularyň köpüsi timar­la­nyp, heniz hakyky dessan görnüşine girip bilmändir. Olarda wakalaryň beýany, şeýle hem olara gatnaşýan gahrymanlaryň keş­bi örän ýöntem beýan edilýär. «Garaja Oglan bilen Meňli gyz» atly dessan şolaryň arasynda belli bir derejede kämil, çe­per görnüşe giripdir.

Garajaoglanyň döreden eserleri kätipler tarapyndan doly ýaz­ga geçirilmändir. Şahyryň goşgulary ozanlar, bagşylar tara­pyn­dan aýdym edilip aýdylyp, nesilden nesle geçip, biziň gün­le­rimize gelip ýetipdir. Bu ýörelge häzirem dowam edýär. Şo­nuň üçinem onuň edebi mirasynyň möçberini kesgitlemek kyn. Her halda edebiýatşynaslar şahyryň eserleriniň hata geçen nusgalaryny aýyl-saýyl edip, onuň belli bir derejede möçberini anyk­lapdyrlar. Häzirki hasaplamalara görä, Garajaoglanyň dört-bäş ýüz goşgusy bolupdyr diýlip aýdylýar.

Türkmenleriň arasynda häzirki wagta çenli awtory näbelli hasap edilýän “Garajaoglan” dessany hem onuň özüniňki bolmagy ahmal .Garajaoglanyň döredijiliginiň temetikasy giň.Onuň goşgularynyň agramly bölegini söýgi lirikasy tutýar.Mundan başgada Watana, il güne ,söýgi dostluk, agzybirlik, edep-ekram meseleleri hem gozgaýar.1991-nji ýylda Türkmenistanda A.Mülkamanowanyň “Goşgular ýygyndasynda” Garajaoglanyň 90 goşgusy çap edildi. Olardan “Aýralyk”, “Säher ýeli”, “Gyrmyzy”,”Diller içinde” we başgalar.

Şahyryň 400 ýyllygyna bagyşlanyp 2006-njy ýylda “Garajaoglan” atly goşgular ýygyndysy çap edildi.

Çeşme: Garajaoglan, A: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006 232 s.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز