TurkmensNews- Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Owganystanyň kanuny hökümetiniň esaslygynda we kesekileriň gatyşmazlygynda owganlar arasyndaky gepleşiklere ünsi çekdi
Eýranyň Talyplar Habar Gullugynyň (ISNA) habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf duşenbe güni Owganystanyň Eýrandaky ilçisi Abdul Gafur Liwal bilen duşuşyp, Kabulda bolup geçen terrorçylykly wakalara gynanç bildirmek bilen bir wagtda Eýran Yslam Respublikasy Owganystanda howpsuzlygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagyny hemişe nygtap gelýär diýip belläp geçdi.
Parlament gatnaşyklary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşykda aýgytly we ýeňilleşdiriji rola eýedir diýip Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf sözüne goşdy.
Owganystanyň Eýrandaky ilçisi Abdul Gafur Liwal hem Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky parahatçylyk etaby we bu ýurduň kanuny hökümetiniň gurulmagy ugurda Tehraniň goldaw berýänligi we Eýrana owgan bosgunlaryny kabul etmek syýasaty üçin minnetdarlyk bildirdi.