ترکمن نیوز

Muhammet Bagher Galibaf Eýranyň mejlis başlygy 1 300x151 - Galibaf: Günbatarlylar duşmançylyk häsiýetini ýene bir gezek görkezdilerTurkmensnews-  Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Eýrana garşy rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň gaýtawulynda beren gürrüňlerinde Günbatar ýurtlarynyň, esasanam ABŞ we käbir Ýewropa ýurtlarynyň Eýran halkyna ynamsyzlygyny we duşmançylygyny ýene bir gezek görkezendigini aýtdy.

 

Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf şu gün mejlisiň açyk ýygnagynda ýewropalylaryň Eýrana garşy duşmançylyk etmekde Amerikalylardan gowy däldiklerine yşarat edip Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşi tarapyndan Eýrana garşy syýasy kararyň çykarylmagy sionistleriň çagalykly meýilnamasydyr diýip ynam bildirdi.

Galibaf, Eýranyň rezolýusiýa degişli derejede jogap berjekdigini belläp, Eýran Yslam Respublikasy bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasynda ýüze çykan igenşigiň jogapkärçiligi bu karar haty öňe süren taraplaryň üstüne düşýändir we bu ýurtlar öz ýola beren ýaňky işleriniň soňuna garaşmaly bolarlar diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň mejlis başlygy Tähranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen ýyllarça hyzmatdaşlygyna yşarat edip soňky 17 ýylda, Eýran halkara düzgünleriň we milli bähbitleriniň  çarçuwasynda IAEA bilen elmydama iň sahy hyzmatdaşy bolandygyny görkezdi, ýöne köplenç has duşmançylyk we şantaj etmekden başga zat gazanyp bilmedi diýip beýan etdi.

Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy şeýle-de ABŞ bilen gepleşikleriň düýbünden geçirilmejikdigini aýtdy.Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy şeýle-de ABŞ bilen gepleşikleriň düýbünden geçirilmejikdigini aýtdy.

aýtmak ýerli şu gün Eýranyň mejlis wekilleri özleriniň çykaran beýannamasynda Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Häkimler geňeşiniň Eýranyň tersine çykaran kararyny ýazgaryň ony bu guramanyň gurumyndaky parh goýmalaryň nyşany bildiler.

تاریخ و زمان خبر

22

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda