ترکمن نیوز

dünýä ýurtlary bilen söwda etmek üçin täze ýollary tapandyrysTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola beren gadaganlyklaryna yşarat edip şondan gelende Eýranyň ösüşi talaba laýykdyr diýip yglan etdi.

Eýranyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Ärdäbil welaýatyna sapar eden prezident Ruhani bu welaýatda beren gürrüňlerinde Eýran milletini dyza çökertmekde Amerikanyň şowsuzlyga uçramagyna yşarat edip Eýranyň dürli ýerlerinde şol sanda Ärdäbiliň ýörite senagatlaşan sebitiňde möhüm ykdysady taslamalaryň we senagat bölümleriň ulanyşa berilip durulmagy Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlyklary ýola bermekde işiniň şowuna bolmandygyny görkezýändir diýip nygtady.

Eýran milleti özüniň berk yradasy bilen Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda durup ylym bilim,senagat,ahlak we ýurdy ösdürmek ugurlarda ösüp öňe barýandyr diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti duşmanlaryň özleriniň ýaman pällerinden gaýtmalydyrlar diýmek bilen ýadro ylalaşygy bozan taraplar hökman başlangyç nokata dolanyp goýberen ýalnyş işlerini ykrar etmelidirler diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şu gün bir näçe ykdysady,senagat we düýp gurluşyk boýunça möhüm taslamalary ýola bermek üçin Ärdäbil welaýatyna bardy.

 

تاریخ و زمان خبر

01

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda