ترکمن نیوز

photo ۲۰۲۰ ۰۹ ۱۱ ۱۷ ۱۹ ۲۶ 300x199 - Eýranyň Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň ikinji tapgyrynyň saýlawlary başlandyTurkmensnews- Eýranyň Yslam şura mejlisiniň ۱۱-nji möhletiniň ikinji tapgyrynyň saýlawlary 10 saýlaw okrugynda başlandy.

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň saýlaw merkezi Ikinji tapgyr saýlaw okruglaryndaky ähli saýlaw uçastoklary, Korona garşy göreşmek boýunça milli ştab-kwartirasy tarapyndan tassyklanan saglyk teswirnamalaryna laýyklykda şu gün (anna) irden sagat 8-den başlap ähli hukukly adamlardan ses almaga taýyndyrlar diýip yglan etdi.

yslam şura mejlisiniň ۱۱-nji möhletiň ikinji tapgyrynyň saýlawlary “Lenjan”, “Semirom”, “Karaj, Eştehard we Ferdis”, “Dehloran, Darrehshahr, Abdanan we Badreh”, “Ahwaz, Bawi, Hamidiyeh we Karun” “Zanjan we Tarom”, “Bijar”, “Kermanshah”, “Islamabad Gharb we Dalahu” we “Kordkoý, Türkmen, Bandar-e-Gaz we Gomişan” saýlaw okruglarynda geçirilýär.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň ۲۹۰ wekilini saýlamak üçin 11-nji tapgyry 21-nji fewralda Eýranyň hemme ýerinde 24 million 500 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirildi,we 11-nji Mejlisiň ۲۰۸ saýlaw okrugyndan 197 saýlaw okrugy, saýlawyň birinji tapgyrynda bellendi.

تاریخ و زمان خبر

11

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda