ترکمن نیوز

Eýranyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynaný hatlarynyň nusgalaryny gowşurdyTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales 2020-nji ýylyň ۹-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşdy.

Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildirdi.

Diplomatlar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny, şol sanda, ulag-üstaşyr ulgamyny hem-de iki goňşy döwletiň sebitleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Golam Abbas Arbab Hales, Seýed Mohammad Aahmadi-niň ýerine wezipä bellendi.

Golam Abbas Arbab Hales mundan ozal Eýranyň Pekindäki ilçihanasynyň birinji sekretary, Eýranyň Jadde- şäherindäki baş konsullygynyň birini geňeşçisi, Mary şäherindäki Eýranyň başkonsullygynyň jogapkäri we Eýranyň daşary işler ministrniň ýurdyň demirgazygy işleri boýunça orunbasary wezipelerinde işläpdi.

تاریخ و زمان خبر

13

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda