ترکمن نیوز

رامیان 237x300 - Eýranyň demirgazygynda 5,1 bal ululygynda ýer titremesi boldyTurkmensnews- Tähran uniwersitediniň Seýsmologiýa merkezinden berilen beýanata görä, güýç merkezi Gülistan welaýatynyň Ramiýan etraby bolan ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 02:04-de boldy.

Ýer titremäniň ýeriň ۹ km aşagynda bolandygy habar berildi.

ISNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Halas ediş we raýdaşlyk guramasynyň Operasiýa gözegçilik we koordinasiýa merkezi tarapyndan berilen beýanatda: “Ramiýan etrabynyň käbir obalaryndaky binalaryna zeper ýetdi. Kuruçaý obasynda 7 we Elhadi obasynda 3 adam ýaralandy” diýip mälim edildi.

Sebitde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi beýan edildi.

تاریخ و زمان خبر

07

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda