ترکمن نیوز

Eýranda koronawirus sebäpli 2 adam ýogaldyTurkmensNews-  Soňky 4 günde dem almakda kynçylyk çekýändigi sebäpli hassahana gelenleriň sanynyň artdy

Eýranyň Saglygy gorýyş ministrliginiň Halk bilen gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Kiýanus Jihanpur, Kum şäherinde dem almakda kynçylyk çekýändigi sebäpli hassahana gelen 2 adama koronawirusyň (Kowid-19) ýokaşandygyny nygtady.

Jihanpur epidemiýa sebäpli hassahanada berjergi astyna alynan koronawiursly 2 adamyň ýogalandygyny belledi.

Kum şäherindäki Medisina uniwersitetinin rektory Muhammed Ryza Kadir hem Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda, soňky 4 günde dem almakda kynçylyk çekýändigi sebäpli hassahana gelenleriň sanynyň artandygyny aýtdy.

Şäherdäki mekdeplerde şu gün okuwlara arakesme berildi.

Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde ilkinji gezek 2019-njy ýylyň ۱۹-njy dekabrynda gabat gelinen Kowid-19-yň gysga wagtda ýurduň dürli künjegine we beýleki ýurtlara ýaýramagy sebäpli Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “gyssagly ýagdaý” yglan edipdi.

Hytaýda Kowid-19 sebäpli 2120 adam ýogaldy, wirus ýokaşanlaryň sany hem 75 müň adama ýetdi.

تاریخ و زمان خبر

20

02

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda