ترکمن نیوز

Eýran,176 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan uçaryň ýalňyşlyk bilen urlup düşürlendigini kabul etdiTurkmensNews-  Ynkylap goragçylary taýdan uly ähmiýete eýe bolan harby nokadyň” üstünden geçip barýan uçar ýalňyşlyk bilen urlup düşürildi

Eýran, 176 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ukraina degişli uçaryň ýalňyşlyk bilen urlup düşürlendigini kabul etdi.

Eýranyň Baş ştabynyň başlyklygy tarapyndan berlen beýanatda “Ynkylap goragçylary taýdan uly ähmiýete eýe bolan harby nokadyň” üstünden geçip barýan uçaryň ýalňyşlyk bilen howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup düşürlendigi nygtaldy.

Beýanatda, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guralan raketa hüjüminden soň, ABŞ-nyň harby uçarlarynyň Eýranyň daş töweregindäki uçuşlarynyň artandygy we ýurduň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän merkezlerine hüjüm gurajakdygy hakynda maglumatlaryň gelip gowşandygy sebäpli birnäçe nyşananyň radarlarda görünmäge başlandygy we ýurduň howa goranyş ulgamynyň hem şol sebäpli has ünsli ýagdaýa gelendigi ýatladyldy.

Beýanatda “Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçary şol ynjyk we krizis şertlerinde Humeýni howa menzilinden uçdy. Uçar Ynkylap goragçylary tardan uly ähmiýete eýe bolan harby merkeze golaýlady we uçaryň şol hereketi duşmançylykly hüjüm ýaly göründi. Ady agzalýan uçar goýberlen ýalňyşlyk sebäpli nyşana alyndy” diýildi.

Eýranyň Baş ştabynyň başlyklygy tarapyndan berlen beýanatda “Uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryndan ötünç soraýarys. Şuňa meňzeş ýalňyşlygyň indi gaýtalanmajakdygyna ynanýarys. Waka sebäp bolanlar hakynda hem iş gozgalar” diýildi.

تاریخ و زمان خبر

11

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda