Eýran ýerli emeli hemrasyny älem giňişligine uçurmaga taýýarlanýarTurkmensNews-  Eýran tabigy serişdeler bilen ekologik we ekerançylyk bilen gözegçilik işlerini amala aşyrjak ýerli emele hemrasyny uçurar

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň mälim etmegine görä Aragatnaşyk we maglumatlar tehnlogiýalary ministri Muhammed Jawad Azeri Jehromi paýtagt Tähranda beren beýannamasynda “Ýeňiş” atly gözegçilik hemrasynyň “Simrog” atly emeli hemra göteriji raketa bilen älem giňişligine uçuryljakdygyny aýtdy.

Emeli hemranyň ýer şaryndan 500 kilometr ýokarda orbita ýerleşdiriljekdigini nygtan Jehromi, üstünlikli bolan halatynda Eýranyň ilkinji gezek şeýle alyslykda orbita emeli hemra ýerleşdirjekdigini aýtdy.

“Ýeňiş” atly emeli hemranyň fotosurat we wideo ýazgy almak, aragatnaşyk hem-de maglumat ýygnamak ýaly işleri amala aşyrjakdygyny aýdan Jehromi, haýsydyr bir şowsuzlyk ähtimallygy sebäpli şol özboluşlykdaky ikinji emeli hemranyň taýarlanandygyny habar berdi.

Eýranly ministri emeli hemranyň ۱۱-nji fewralda ynkylabyň bolan güni mynasybetli geçiriljek dabaralardan öň uçuryljakdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

انتشار دهنده : shirzad
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۱۲:۳۴

۰۳ بهمن ۱۳۹۸

کد خبر :

68399

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک