ترکمن نیوز

Eýran ýaman ar almak ugurda Yrakdaky Amerikanyň Eýnol Asad harby bazasyny dargatdyTurkmensNews-  Eýranyň Sepah Pasdarany general Gasem Suleýmaniň aryny almak ugurda Yrakdaky Amerikanyň Eýnol Asad harby bazasyny dargatdy

ISNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň Sepah Pasdarany bir beýannama boýunça matama duçar bolan yslam ymmaty, Eýran Yslam Respublikasynyň uly milleti ynamly wadanyň wagty geldi we hudaý tagalanyň merhemeti bilen çarşenbe güni daňdan Eýranyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň serkerdesi general Gasem Suleýmanini we onuň ýanyndakylary şehit etmek baradaky Amerikanyň terrorçy güýçleriniň baş goşan jenaýatynyň gaýtawulynda Sepah Pasdaranyň kosmos güýjüniň batyr söweşijileri “Şehit Suleýmani” adyndaky operasiýasy we Ýa Zahra(s.a) syry boýunça Yrakdaky Amerikanyň Eýnol Asad harby bazasyny onlarça raketa bilen hüjüm astyna alyp dargatdy diýip yglan etdi.

Eýranyň Sepah Pasdarany bu uly ýeňişiyslam ymmatyna we Eýranyň janaýamaz we uly milletine gutlady.

Eýranyň Sepah Pasdarany beýannamanyň dowamynda gaýtalanaýjak her hili şerçiligiň we her hili hereketiň agyrrrak gaýtawula gabat geljekdigi barada uly şeýtan bolan Amerika we bu ýurdyň eziji režimine duýduryş berdi.

bu beýannamada şeýle-de oz harby bazalaryny Amerikanyň erkinde goýýan ýurtlara hem duýduryş berildi we Eýrana garşy herekete baş goşulan her bir mekan Eýranyň maksadyna öwrüljekdigi yglan edildi.

Eýranyň Sepah Pasdarany beýannamanyň dowamynda Sinonist režimini Amerikanyň jenaýatlarynda aýry görmeýänligini yglan edip köpräk zyýanlaryň öňüni almak üçin Amerikanyň döwletine garap öz harbylaryňyzy sebitden çykaryň diýip nygtady.

serdar Gasem Suleýmani we Abumahdi Mohandes we ýene 8 adam juma gün daňdan Yragyň halkara howa menziliniň ýakynda Amerikanyň terrorçy güýçleriniň uçarmansyz uçarlary arkaly amala aşyran hüjümlerinde şehit boldylar.

تاریخ و زمان خبر

08

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda