ترکمن نیوز

Eýran, Russiýa we Hytaý bilelikde harby türgenleşik geçirýärTurkmensNews-  Eýranyň ýarym resmi habarlar agentligi Tesnimiň berýän habaryna görä, Eýranyň, Russiýanyň we Hytaýyň harby flotlary Oman deňizinde we Hindi okeanynyň demirgazygynda 17 müň ind kilometrlik meýdany öz içine alýan sebitde geçirýän harby türgenleşikleri 4 gün dowam eder.

“Deňiz howpsyzlygy kemeri” diýip atlandyrylan türgenleşik bilen bagly beýanat beren Eýranyň Harby flodynyň serkerdesiniň orunbasary we türgenleşigiň metbugat sekretary Gulam Ryza Tehani, halkara deňiz söwdanyň howpsyzlygynyň güýçlendirilmegi, garakçylara garşy göreş, deňiz terrorizmi, gözleg we halas ediş ugurlarynda maglumat paýlanşygy we taktiki operasiýalar boýunça tejribe alyşmak ýaly ugurlaryň harby türgenleşigiň esasy maksatlaryndandygyny habar berdi.

Türgenleşigiň Eýran bilen ABŞ we sebitdäki hyzmatdaşy Saud Arabystanynyň arasynda dartgynlygyň başdan geçirilýän ýeri bolan Aden we Pars aýlagyny biri birleri bilen birleşdirýän Oman deňizinde geçirilmegi ünsleri özüne çekýär.

 

 

 

 

 

 

تاریخ و زمان خبر

28

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda