ترکمن نیوز

Eýran, Owganystanyň ýaraşyk akymyny goldaýarTurkmensNews-  Eýranyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Muhammet Ibrahim Taherian owganlaryň ýolbaşçylyk etmeginde Owganystanyň ýaraşyk prosesine goldaw berýär diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Muhammet Ibrahim Taherian Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam respublikasy Owganystanyň esasy kanunyna hormat goýýandyr we oňa boýun boljakdyr.şeýle-de Taliban bilen ýaraş gepleşikleriň geçirilmegine arka bolýandyr diýip sözlerine goşdy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani hem bu duşuşykda beren gürrüňlerinde Eýranyň wekiliniň kabula gelmegini garşylap Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagy , sebitde parahatçylygyň bolmagy manysyndadyr . şeýle halda Owganystanyň döwleti öz ýurdynda hemişelik ýaraşyň berkarar bolmagy ugrunda tagalla etjekdir diýdi.

تاریخ و زمان خبر

08

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda