ترکمن نیوز

Eýran owganistan 300x169 - Eýran Owganystandaky parahatçylyk etabyna kömek bermäge taýýardyrTurkmensNews-  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif we Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet Hanif Atmar sişenbe güni agşam owgan-owgan gepleşikleriniň soňky ýagdaýy we gepleşiklerde goňşy ýurtlaryň roly barada pikir alyşdylar.

 

Bu telefon söhbetdeşliginde Zarif Owganystan gepleşikleriniň geçirilendigine kanagatlanma bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky parahatçylyk etabyna islendik görnüşde kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginde iki tarap iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça we giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk resminamasy görnüşinde ara alyp maslahatlaşdy.

تاریخ و زمان خبر

16

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda