ترکمن نیوز

ترانزیتی ایران افغانستان ازبکستان 300x209 - Eýran-Owganystan-Özbegistan aralygyndaky üstaşyr koridory işe başladyTurkmensNews-  Eýranyň gümrük tranzitiniň baş müdiri, Eýran-Owganystan-Özbegistan tranzit koridorynyň synag işiniň başlandygyny habar berdi

 

şu gün IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbasyň Şahid Rajaei gümrükhanasyndan tranzit ýükleri  iki ýük awtoulagy şekilinde Dugharanyň serhet gümrükhanasyndan çykyp, Owganystandan Özbegistana iberildi diýip Eýranyň gümrük tranzitiniň baş müdiri Mostafa Aýati aýtdy.

Aýati, täze gysga we arzan bahaly ugur hökmünde täze Eýran-Owganystan-Özbegistan koridorynyň Owganystanda dowamly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýokarlanmagyna alyp barýan söwda we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täsirli rol oýnap biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Aýati sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy, açyk suwlara gysga elýeterlilik sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlaryndan harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin iň amatly ýoldyr diýip beýan etdi.

 

تاریخ و زمان خبر

10

08

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda