ترکمن نیوز

harby türgenleşi 300x200 - Eýran, Orsýet we Hytaýyň bilelikdäki harby türgenleşigi başlanýarTurkmensNews-  Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli metbugat wekili Hind Ummany bilen Oman deňizinde halkara söwdanyň howpsuzlygynyň berkidilmegi ugurda Eýran, Orsýet we Hytaý bilelikde 3 taraplaýyn deňiz türgenleşigini geçirjekdirler diýdi

.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli metbugat wekili Serdar Sertip Pasdar Abdulfazl Şekarçi şu gün habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde gaty möhüm bolýan bu türgenleşik juma günden Hind Ummanyň demirgazygy bilen Oman deňizinde geçirlip başlanjakdyr we 4 gün dowam etjekdir diýip yglan etdi.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli metbugat wekili Serdar Sertip Pasdar Abdulfazl Şekarçi bu türgenleşigiň ýörit ähmiýetiniň bardygyny aýdyp Hind Ummany bilen Oman deňizi bütin dünýä söwda işlerde gaty möhüm sebitlerden hasaba gelýändir we köp ýurtlar bu sebitlerde gelim-gidim edýändirler şonuň üçin bu sebitde howpsuzlygyň berkarar bolmagy gaty möhüm we gereklidir diýip sözlerine goşdy.

تاریخ و زمان خبر

25

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda