Turkmensnews- Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň yglan etmegine görä,Halkara Atom Energiýasy Guramasyna (IAEA) öz talaplaryny aňtaw gullugyna esasanam sionist režimiň ýalan talaplaryna esaslandyrmaga rugsat berilýän däldir.
şu gün Eýranyň mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasy Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň Eýrana garşy kararyna jogap höküminde Agentlik Eýranyň bir näçe mekanyna girmegi haýyş eden hem bolsa, Eýran Yslam Respublikasy soňky ýyllarda Agentligiň iň maksatly we aç-açan barlagy boldy we bu halkara gurama bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda iň köp hyzmatdaşlyk etdi.
Eýranyň Yslam Respublikasynyň mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasy Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň Eýrana garşy kararyny ret etmek bilen Eýran bu maglumatlara esaslanmak bilen haýyşa oňyn jogap berse, ähli ýurtlara garşy nädogry proseduranyň dörediljekdigini dünýä bilmelidir diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşi anna güni (19-njy iýunda) Ýewropanyň üç ýurdy: Angliýa, Germaniýa we Fransiýanyň ileri süren kararyny tassyklady.
Hytaý we Orsýet bu karara berk garşy çykandyrlar.