ترکمن نیوز

Eýran, Britaniýa Tährandaky ilçihanasyny ýapmak bilen hemle atdyTurkmensNews-  ýran, Britaniýanyň Tährandaky ilçisi Rob Makkera protest ýörişlerine gatnaşmaga dowam eden halatynda ilçihananyň ýapylyp bileris

Eýran, Britaniýanyň Tährandaky ilçisi Rob Makkera protest ýörişlerine gatnaşmaga dowam eden halatynda ilçihananyň ýapylyp bilinjekdigini mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Britaniýanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Makkeranyň hökümete garşy geçirlen protest ýörişlerine gatnaşmagynyň kanunlara bap gelmeýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Eýran, Britaniýanyň ilçisiniň protest ýörişine gatnamagyny we Britaniýaly ýolbaşçylaryň beren beýanatlaryny berk ýazgarýar” diýildi.

Beýanatda Britaniýaly ýolbaşçylaryň Kasym Süleýmaniniň öldürilmegi meselesinde beren beýanatlarynyň ABŞ-nyň hüjümine goldaw berýändigini görkezýändigi we ilçi Makkeranyň Tähranda geçirlen ýörişlere gatnaşmagynyň hem Eýranyň içerki işlerine goşulyşmak manysyny aňladýandygy nygtaldy we Britaniýa şuňa meňzeş hereketlerinden ýüz öwürmegi için çagyryş berildi.

Beýanatda, Makkeranyň ýörişlere gatnaşmagynyň diplomatik ýörelgelere bap gelýändigi nygtaldy we şuňa meňzeş wakalar gaýtalanmaga dowam eden halatynda, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ilçini yzyna çagyrmak bilen çäklenmejekdigi barada duruş berildi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri ilçi Makkeranyň Tähranda saklanmagyny halkara hukugynyň basgylanmagy hökmünde häsiýetlendiripdi.

Eýran bolsa, Britaniýanyň ilçisiniň Tähranda bikanun ýagdaýda geçirlen ýörişlere gatnaşandygy sebäpli resmi Londona protest notasyny beripdi.

تاریخ و زمان خبر

14

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda