ترکمن نیوز

4935521 612 300x225 - Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda transporty ösdürmek üçin Sarahs serhet köprüsi açyldyTurkmensnews- Täze Sarahs köprüsi, Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň gatnaşmagynda açyldy.

Ýol we şähergurluşyk ministrliginiň täzelikler web sahypasyna görä, Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Muhammet Eslami we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Nurgeldi Geldiýew duşenbe güni agşam wideo konferensiýa arkaly iki ýurduň arasyndaky serhet köprüsini resmi tärde açdylar.

Köpriniň ulanylmagy Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs serhet terminalyny Merkezi Aziýa, açyk suwlar we Türkiýäniň arasynda haryt üstaşyr merkezine öwürer.

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Tehranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýol tranzit amallaryny nädip başlamalydygyny öwrenmäge taýýardygyny aýtdy: Türkmenistan bilen täze serhet köprüsinden günde müň awtoulagyň geçirilmegi nazara alynandyr diýip yglan etdi.

Eslami, şeýle hem Eýranyň Türkmenistan bilen iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda alyş-çalyşlaryny ösdürmek baradaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamasyna yaşarat edip Häzirki wagtda Eýranyň goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bilelikdäki derwezeleriniň hemmesi saglyk meselelerine ýakyndan gözegçilik edilýär we dezinfeksiýa enjamlary iki ýurduň serhedinde ýerleşdirildi diýip habar berdi.

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha bermek bilen bir wagtda Eýran, iki ýurduň hökümetleriniň kararlaryna we Aşgabadyň, Ýüpek ýoly ýurtlarynyň we goňşy Hazar deňziniň üstaşyr şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary täzeden başlamaga doly taýýarlygyny yglan etdi.

تاریخ و زمان خبر

09

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda