ترکمن نیوز

TurkmensNews-  Eýran bilen Özbegistanyň ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürilýärEýranyň senagat,magdanlar we söwda ministri Reza Rahmani Tehranda Özbegistanyň ilçisi bilen geçiren duşuşygynda soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda söwda şertleriniň aňsatlaşandygyna yşarat edip Eýran bilen Özbegistanyň aragatnaşyklaryny ösdürmek ugurda işe alynmadyk köp ukyplar we başarnyklar bardyr diýdi.

Eýranyň senagat,magdanlar we söwda ministri Reza Rahmani Tehranda Özbegistanyň ilçisi Bahadur Abdullaýew bilen geçiren duşuşygynda Eýranly we Özbegistanly ykdysady delegasiýalary birek birege ibermek bilen iki taraplaýyn ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylmalydyr diýdi.

Rahmani şeýle-de ýurtlaryň ykdysadynyň kuwwatly goly höküminde iki ýurduň hususy bölüminiň arkalaşyklarynyň artdyrylmagynyň zerurlygyny aýtmak bilen goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynyň baş hatarynda durýandyr diýip sözlerine goşdy.

Eýran bilen Özbegistanyň ykdysady ortak komissiony üstümizdäki ýylyň Dekabr aýynda Eýranyň senagat,magdanlar we söwda ministri Reza Rahmaniň baştutanlyk etmeginde Özbegistanyň paýtagty Daşkent-de geçiriler we şonda ykdysady hyzmatdaşlyklar senetlere gol çekiler.

تاریخ و زمان خبر

25

10

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda