ترکمن نیوز

ازبکستان 4 150x150 - Eýran bilen Özbegistan Owganara gepleşikleriniň zerurdygyny nygtadylarTurkmensNews-  Eýranyň Daşary işler ministriniň Owganystan boýunça ýörite wekili we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Owganystandaky zorlugyň bes edilmegini we owganlylaryň arasynda gepleşikleriň zerurdygyny aýtdylar.

ISNA Habarlar Gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň Owganystan boýunça ýörite wekili Muhammet Ybraýym Taherianfard bilen Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Esmat Irgaşow Owganystanyň soňky özgerişleri, esasanam Owganystandaky wakalar barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Iki tarap zorlugy azaltmagyň we ýaraşyk şertnamasyny owgan halkynyň ejirini ýeňletmekde möhüm ädim hökmünde nygtap, gepleşikleri we düşünişmegi ýurtda dowamly durnuklylygy üpjün etmegiň ýeke-täk köşeşdiriji usuly hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýran Yslam Respublikasy soňky 20 ýylda Owganystan bilen syýasy, medeni we ykdysady pudaklarda gatnaşyklary ösdürip gelýändir we Owganystanyň hökümeti we halkynyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň asudalygyny elmydama goldaýandyr.

تاریخ و زمان خبر

09

11

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda