ترکمن نیوز

افغانستان 1 300x206 - Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlygyň soňky resminamasy geljek üç aýda tamamlanarTurkmensnews- Eýran Yslam Respublikasy bilen Owganystanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky resminama aňrsy üç aýyň içinde tamamlanar.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,ýokary derejeli wekiliýetiň başynda Tährana sapar eden Owganystanyň daşary işler ministrliginiň başlygy Muhammet Hanif Atmar şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Üç aýlawly ýygnakda ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky soňky ösüşler, şol sanda syýasy, ykdysady, howpsuzlyk, medeni, serhet, we bosgunlar hyzmatdaşlygy, ulag we beýleki gyzykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky resminama geljek üç aýyň içinde tamamlanmagy meýilleşdirilýän ýene bir tema boldy.

Owganystanyň ýokary derejeli geňeşi şu gün we ertir sekiz komitet görnüşinde bu ýurt bilen Eýranyň daşary işler ministrleri arasynda gazanylan şertnamalary gözden geçirer we yzarlar.

تاریخ و زمان خبر

22

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda