ترکمن نیوز

Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri 300x169 - Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri dowam edýärTurkmensNews-  Ermenistanyň Azerbaýjanyň topraklaryna guraýan öjükdiriji hüjümleri dowam edýär

Resmi Ýeriwan soňky 24 sagatda 53 gezek ylalaşygyň düzgünlerini bozup hüjüm gurady. Agyr ýaraglar we toplar bilen guralan hüjümlerde adam ýitgileri çekilmedi.  Azerbaýjanyň goşuny hüjümlere berk ýagdaýda garşylyk görkezip gaýtawul berdi.

Azerbaýjanyň täze Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bolsa tagallalaryny dowam etdirýär.

Jeýhun Baýramow, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Baýramow kärdeşlerine Ermenistanyň Azerbaýjanyň Towuz sebitine guraýan hüjümleri barada maglumat berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bolsa Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon söhbetdeşliginde Kawkazlarda soňky günlerde bolýan çaknyşyklar we umumy ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy.

تاریخ و زمان خبر

19

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda