ترکمن نیوز

Erdogan hristiýanlaryň Mukaddes dogluş baýramyny gutladyTurkmensNews-  Prezident R.T.Erdogan ähli hristiýanlaryň Mukaddes dogluş baýragymyny mübärekled

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan hristiýanlyk ynanjyna uýýan raýatlaryň ۲۴-nji dekabr Mukaddes dogluş baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde: “Düýpli taryhymyzdan gazanan tejribelerimiz we alýan ylhamymyz bilen kowum, millet, messep, ynanç tapawudyna garamazdan ähli raýatlarymyzyň öz medeni we dini däp-dessurlaryny erkin dowam etdirmeklerine aýratyn uly sarpa goýýarys.

Tapawutlyklary baýlyk hökmünde kabul edip, hoşniýetliligiň, sylag-hormatyň we adalatyň, jebisligimiziň we agzybirligimiziň esasyny emele getirýändigi düşünjesi bilen öňe barýarys.

Tapawutly messeplere, buthanalara uýýan hristiýan raýatlarymyzyn öz ynançlaryna laýyklykda belläp geçýän Mukaddes dogluş baýramyny arkalaşyk hem-de hoşniýetlilik yklymynyň ýaýbaňlanmagyna goşant goşmagyny arzuw edip, hristiýan raýatlarymyzyň başda durmagynda bütin hristiýan älemininiň Mukaddes dogluş baýramyny gutlaýaryn” diýdi.

 

تاریخ و زمان خبر

25

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda