Date : Monday, 17 December , 2018

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň nobatdaky – ۱۰-njy tomy türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanylan bu kitapda döwlet Baştutanynyň ۲۰۱۶-njy ýyldaky 100-e golaý işi – maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, gutlag hatlary seneleýin yzygiderlilikde ýerleşdirildi.

Ýurduň ýyl ýazgysyna Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ۵-nji ýyly hökmünde giren we Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň ählihalk tarapyndan bellenilmegine beslenen bu ýylda milli Liderimiziň her ýyly haýsy hem bolsa bir jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuga bagyşlap, ony gysga we manyly şygar bilen atlandyrmagynyň ajaýyp däbi dowam etdirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň balangyjy bilen şanly sene mynasybetli 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edildi. Ol ýurdumyzyň parahatçylygyň we döredişiň ýagty ýoly bilen ynamly öňe barýandygy hakynda aýdyň şaýatlyk edýän köp sanly asylly başlangyçlara, zähmet ýeňişlerine we şanly wakalara baý boldy.

Kitap «Ýurdumyzyň giň gerimli we ynamly döredijilikli gadamlary» diýen giňişleýin sözbaşy bilen açylýar, onda uly faktly we statistik maglumatlaryň üsti bilen döwlet gurluşynyň kämilleşdiriliş, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň işjeňleşmegi, ykdysady kuwwatyň we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, jemgyýetiň ruhy durmuşyndaky özgertmeler, daşary syýasatda gazanylanlar şöhlelendirilýär.

Neşiriň ۱۰-njy tomuna girizilen eserler häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işlerini, döwlet, partiýa we jemgyýetçilik gurluşlaryny demokratiýalaşdyrmagyň barşyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halk häkimiýeti ýörelgeleriniň berkidilişini şöhlelendirýär. Kitap okyjyny jemgyýetiň syýasy ulgamynyň näderejede kämilleşýändigi, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artyşy, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilişi, şäherleriň we obalaryň özgerdilişi bilen tanyşdyrýar. Döwrüň ýurtda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň düýp özenini kesgitleýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary parahat we abadan ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilýän adamlaryň ruhy galkynyşynyň we döredijilik ylhamynyň beýanyna öwrüldi.

Ideologik meseleleri beýan edýän makalalar kitapda aýratyn orny eýeleýär. Öz halkyny bilmegi we onuň arzuw-umytlaryna, taryhy tejribesine we medeni mirasyna düşünmegi,durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçen düýpli özgertmelere çuňňur aň ýetirmekligi we milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň tutýan ornuna baha bermäge täzeçe çemeleşmekligi hormatly Prezidentimiziň ideologiýasynyň gönezlik häsiýetlerini – watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, adalatlylygy, ahlaklylygy, özboluşly däp-dessurlara we urp-adatlara hormat goýmaklygy, umumadamzat ýörelgeleri bolan ar-namyslylygy, ynsaplylygy, lebzihalallygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Nobatdaky tomyň makalalary özgertmeleriň diňe bir çuňlugyny we täzeçilligini däl, eýsem döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň ugruny we ynsanperwer özenini dolulygyna açyp görkezýär. Döwlet strategiýasynyň döredijiikli kuwwaty milli özboluşlylygy, okgunly ykdysady we medeni-durmuş ösüşini, dünýäniň koordinatlar ulgamyna ynamly aralaşyşyny hasaba almak bilen ýurduň durmuşynyň ähli pudaklaryny düýpli täzelemäge gönükdirilýär.

Döwletiň dürli ugurlardaky syýasatyny kadalaşdyrýan kanunlaryň kämilleşdirilmeginde esasy orun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişlidir. Ol milli döwletliligiň berkarar bolmagy, ösmegi we berkemegi üçin syýasy-hukuk binýat bolup durýar. 2016-njy ýylyň ۱۴-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ägirt uly ähmiýetli waka boldy. HormatlyPrezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan konstitusion özgertmeleriniň möhümligi we öz wagtynda ýaýbaňlandyrylmagy olaryň häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen milli kanunçylyk-hukuk binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şahsyýetiň we döwletiň özara jogapkärçiliklerini ýokarlandyrmak üçin we milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň ýoluna doly geçmek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik bermeginde jemlenýär.

Şeýle hem kitapda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudaklaryny innowasion taýdan durnukly ösdürmäge, halk hojalygynyň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini gazanmaga we saklamaga gönükdirilen ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky çykyşlary ýerleşdirildi. Tomda ýurdumyzda ýangyç-energetika, agrosenagat toplumlarynda, ulag-üstaşyr ulgamynda, beýleki önümçilik ulgamlarynda kuwwatly infrastrukturanyň döredilişi hakynda aýdyň düşünje berýän anyk maglumatlar we sanlar getirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda öndürilen önümler bilen içerki bazary bolelin üpjün etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilendigi barada neşirde gürrüň berilýär. Azyk önümleriniň we halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşy, azyk we dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar. Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy hakynda, onuň importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşyşy hakynda neşirde maglumatlar getirilýär.

Okyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatyna bagyşlanan materiallary hem hödürlenýär, milli Liderimiz bu syýasatyň maksadyny: «Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmeti hem-de boş wagtyny gyzykly geçirmek üçin iň gowy şertleri döretmekden ybaratdyr» diýen sözler bilen aňlatdy, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlaryň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak esasynda adam mümkinçiligini ösdürmek üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Häzirki günde ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň ۷۰ göterimden gowragy ilatyň girdejileriniň artmagyny, onuň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň we şuňa meňzeşleriň gurulmagynyň çaltlandyrylmagyny göz öňünde tutýan durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilýär.

Milletiň ahlak keşbini açyp görkezýän ruhy baýlygyny artdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda neşirde ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmegiň, olary halkara ülňüleriniň derejesine çykarmagyň meselelerine jikme-jik garalyp geçilýär.

Bilim ulgamyna we ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzda täze ýokary we orta hünärment okuw mekdepleri açylýar, talyplaryň we okuwçylaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzir eziz Watanymyzda ýaşlaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli bilim almagy, aň-bilim kuwwatyny artdyrmagy, saýlap alan hünärlerini üstünlikli ele almagy, ukyplaryny we zehinlerini durmuşa geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ideologiki hem-de ahlak esaslarynyň berkidilmegi tutuş jemgyýetimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny ösdürmäge işjeň gatnaşmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine oňyn täsirini ýetirýär, ol ýerde aýgytlaýjy ähmiýete, ozaly bilen, şahsyýetiň ruhy-ahlak dünýäsi, onuň ideallarynyň ulgamy eýedir, bu bolsa tutuş milletiň ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam berýär.

XXI asyry ylym asyry diýip atlandyrýarlar. Okyjylar kitapdan türkmen ylmy we onuň öňdebaryjy gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşy,ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmen alymlaryň taýýarlanyşy barada gürrüň berýän materiallar bilen tanyşyp bilerler. Bu barada milli Liderimiz şeýle diýip belleýär: «Ylmyň ösüşini tizleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň, innowasion tejribeleriň netijelerine daýanmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym giňişligindäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar». Munuň üçin ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanan innowasion ösüşli ykdysadyýeti döredýäris, jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirýäris.

Okyjylar neşiriň üsti bilen milli medeniýetiň, teatr we aýdym-saz sungatynyň gülläp ösüşi hakyndaky gyzykly habarlar bilen tanşyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr» diýen ýörelgeden ugur alyp, bu ulgamyň ösdürilmegine uly üns berýär. «Biziň gülläp ösýän döwletimiz dünýä medeniýetiniň ösüşinden birjigem yza galmaly däldir» diýip bellemek bilen, milli Liderimiz «Biz dünýä giňişliginde berkarar döwletimiziň diňe bir ykdysady taýdan däl-de, eýsem ruhy we döredijilik babatda hem ýokary mümkinçiligi bolan ýurt hökmünde tanalmagyny gazanmalydyrys… Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä tanadarys» diýip nygtaýar.

Nobatdaky tomyň makalalarynyň bir bölegi bitaraplyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarlylyga esaslanan daşary syýasatyň gazanan saldamly üstünliklerini beýan edýär.

Ähli halklar bilen dostlugy we köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak türkmen jemgyýeti üçin millilige düşünmegiň, akyl ýetirmegiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň, sebit we sebitara maksatnamalarynyň dünýäniň esasy guramalarynyň we ozaly bilen BMG-niň howandarlygy astynda amala aşyrylmagynyň yzygiderli ýagdaýda işjeň tarapdary bolup çykyş edýär.

Kitapda ýerleşdirilen materiallar eziz Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen durmuş-ykdysady ösüşinde täze belentliklere ýetýändigini we ykdysady taýdan berkeýändigini degerli deliller bilen tassyklaýar. Şonuň üçin geljekde berkarar Watanymyza has täsir galdyryjy üstünlikler we şöhratly ýeňişler garaşýar. Munuň üçin ýurdumyzda zerur bolan şertler: döwlet Baştutanymyzyň syýasy erki, kuwwatly ykdysady mümkinçilik, halkyň tutanýerli zähmeti, işjeň durmuş syýasaty bar.

Milli Liderimiziň toma girizilen eserleri örän uly nazarýet gymmatlygyna eýedir we ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin, ilkinji nobatda bolsa, syýasatşynaslyk, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin uly tejribeçilik ähmiýete eýedir.

Neşiri 2016-njy ýylyň has ähmiýetli wakalarynyň fotosuratlary jemleýär. Neşir ylmy-düşündiriş materiallar bilen üpjün edilendir, onuň goşundysynda atly we geografiki görkezijiler, esasy gysgaltmalaryň sanawy berilendir. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi we poligrafiki ýerine ýetirilşiniň ýokary hili bilen tapawutlanýar. Häzir neşiriň iňlis dilindäki nusgasyny çap etmäge taýýarlaýarlar.

Tags :

Baş Habarlar

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP