ترکمن نیوز

Daşary ýurtlar tehran kabul 300x169 - Daşary ýurtlaryň öjükdiriji hereketleri Tehran bilen Kabulyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary hiç wagt gowşatmazTurkmensNews-  Eýranyň Daşary işler ministrligi Daşary ýurtlaryň öjükdiriji hereketleriniň Tehran bilen Kabulyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary hiç wagt gowşatmajakdygyny aýdyp Eýran owgan halkyna goldaw bermegini dowam etdirer diýip yglan etdi

 

Eýranyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň aýyplamalaryna jogap edip ýazan twittinde Saýlaw şygary “Diwar guralyň” we gazaply serhet syýasaty sebäpli giňden ýazgarylan ABŞ hökümeti gaçybatalga gözleýänleriň hukuklary barada gürleşip bilmez. “

Iki dogan ýurt hökmünde Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky berk gatnaşyklar taryhy we medeni gatnaşyklara esaslanýar we erbet maksatlar bilen daşary ýurtlaryň öjçkdirmeleri bu ýakyn gatnaşyklary hiç wagt bozup bilmez diýip Eýranyň Daşary işler ministrligi nygtap geçdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça orunbasary Robert Dastrow düýn (ýekşenbe) Harirod derýasynda bir topar bikanun owgan migrantynyň gark bolmagy barada esassyz aýyplama bildirdi we “Eýrany adam hukuklaryna hormat goýmaga we olara garşy zorluk ulanmazlyga çagyrýarys” -diýdi.

تاریخ و زمان خبر

23

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda