ترکمن نیوز

Daşary ýurt metbugatyna synTurkmensNews-  Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpcülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, yrakly we amerikaly ýolbaşçylaryň, Amerikaly esgerleriň Yrakda iş alyp barmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Kataryň, embargo goýan ýurtlara, başdan geçirilýän kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş berendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Omanda çap edilýän “Watan” gazeti, Liwanda 20 ministrden ybarat hökümetiň gurlandygyny mälim edýär.

Fransiýada çap edilýän “Le Monde” gazeti, Fransiýada geçirilýän protest ýörişleriniň dowam edýändigini belleýär.

“Le Parisien” gazeti, Hytaýda gabat gelinen koronawirusyna garşy göreş maksady bilen Fransiýadaky hassahanalarda uly taýarlyk görülýändigini nygtaýar.

Ispaniýada çap edilýän “Le Mundo” gazeti, Wenesuelada özüni prezident hökmünde yglan eden Huan Guaýdonyň Germaniýanyň Federal Kanslery Angela Merkeliň we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň goldawyny almagy başarandygyny ýazýar.

Argentinada çap edilýän “Infobae” gazeti, Perunuň paýtagty Limada ýangyç tankeriniň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldygyny, 50-den gowrak adamyň ýaralandyğyny nygtaýar.

Ekwadorda çap edilýän “El Komersio” gazeti, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň, ýurtda geçiriljek saýlawlar üçin BMG-nyň synçy toparyny ugratmagyny isländigini belleýär

“TASS” Hytaýyň, Russiýanyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik agzalarynyň maslahatynyň geçirilmegi baradaky teklibine goldaw berendigini nygtaýar.

“Izwestiýa” gazeti, Germaniýanyň,  Russiýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin çagyryş berendigini ýazýar.

“RIA Nowosti” gazeti, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň, Siriýada rus we amerikaly esgerleriň arasynda bolan kiçi çaknyşyk hakynda beýanat berendigini mälim edýär.

“DW” Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadisiň, Türkiýe bilen Ortaýer deňizi meselesinde başdan geçirilýän dartgynlyk meselesinde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkelden goldaw sorandygyny habar berýär.

“Spiegel Online” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda iş sapary bilen Stambula barandygyny belleýär.

تاریخ و زمان خبر

24

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda