ترکمن نیوز

dan tan 300x225 - DAŇ we TANAMAK sözleriniň kökiTurkmensNews: Gadymy türki dillerde daň sözi taň, has irki eýýamlarda bolsa tan görnüşlerde ulanylypdyr. Türk dilinde häzirem daň (“säher”) sözi tan görnüşindedir.

Diýmek tümlügiň ýagtylyk bilen çalşyp ugran ümüş-tamyş pursady we näbelli, garaňky, gümürtik närsäniň üstüni açyp, onuň aýyl-saýyl edilmegini (tanalmagyny) aňladýan tan, taň sözleri aslynda <<ýagtylmak>> , <<yşyk tutulmak>> , <<saýhallanmak>> manysyndaky tan kökünden emele gelipdir. Bu sözüň şol manysy Amerikaly siu indeýleriniň dilinde saklanypdyr (dilçi alymlar Amerika ýerböleginiň gadymy oturymly taýpalary bolan siu, maýýa ýaly bugdaýreňk (<< gyzylderli>> ) indeýleri Bering bogazynyň üsti bilen Asyýadan Amerika geçen we gepleşik dili hem türki dillere ýakyn bolan halk hasaplaýarlar). Ynha, şol siularyň dilinde tan ýa-da tang (taň) sözi <<daň>> , tangla sözi <<ýagtylmak>> , tangi (taňi, taňy) sözi hem <<tanyş>> manylaryny aňladýarlar. Diýmek daň, tanamak we tanyş sözleri şol bir kökden döräp, soňra many taýdan biraz üýtgeşmä sezewar bolupdyrlar.

TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI SÖZLÜGI kitabyndan

تاریخ و زمان خبر

18

12

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda