ترکمن نیوز

Çagany ýatyrmak üçin 10 usulTurkmens News- Köplenç çagalaryň ejeleri çaganyň ýadow bolsa, pallasalar, gözlerini sürtse, ýadawlkdan aglasa hem uzak wagtlap ýatyp bilmeýandigi meselesine duçar bolýarlar.

Uklamak wagty gelse, çagany bolsa ýatyryp bolmadyk ýagdaýynda näme etmeli? Bu ýeňil bolmadyk ýagdaýda size kömek etjek birnäçe usul bar.

Eliňde üwremek

Eger-de çagany çalaja yşykly ýuwaş jaýda üwreseň, onda ol tiz uja gider. Üwrän wagtyň çaga hüwdi aýtsaň ýa-da ýuwaş rahatlandyrýan aýdym aýtsaň bolar.

Çaga arabasynda ýa-da krowatda üwremek

Eger-de elliňde üwräniň çagany ýatyrmaga kömek etmedik ýagdaýynda-onda çagany çaga arabasyna (kolýaska) ýatyryp öýüň içinde aýlap görüň. Çaga arabasynyň deňje üwrelmegi ýagany hüwdülär we ol tiz uka gider. Araba derek ýörite çagalar üçin şezlong (kürsi), salançak ýa-da yrgyldawaçly krowat hem ulanyp bolar.

Ýatyrmakdan öň ýylyja wanna

Köp çagalar ýatyrmakdan öň ýylyja wannada suwa düşünseler, olar tiz uka gidýärler. Suwuň içine rahatlandyryjy otlaryň şiresini garsaň, onda bu wannanyň täsiri has-da bildiriji bolar.

Gundama

Eger-de siz ilki başdan çagany gundamasaňyz, öýňüzde ýukajyk arlygy saklasaňyz ol artyk bolmaýar. Çagany gundap görüň: bu ýagdaýda çaga tiz rahatlanýar we ejäniň elinde ýa-da krowatda uka gidýärler. Eger-de çagany hiç hili gundap bolmasa, onda uky üçin ýörite bukjalary ulanyp bolar.

Ýatyrmakdan öň gezelenç

Käbir halatlarda çaga uzak gün dymyk jaýda bolan ýagdaýynda uzak wagtlap ýatyp bilenok. Ukydan öň uzak bolmadyk gezelenç öýe gelenden soň çaga tiz uka gitmäge kömek eder. gezelenje derek jaýyň howasyny çalyşsaňyz hem bolar.

Kadaly galmagal

Köp çagalar kadaly galmagalda gowy ýatýarlar-mysal üçin, krandan akýan suwyň sesi, saçy guradýan enjamyň ýa-da ýelpewajyň sesi.

Ukydan öň rahatlandyryjy owkalama.

Eger-de çaga gowy oýnap hiç hili ýatasy gelmese, ony ýanyňyzda ýatyryp ýuwaş massaža başlaň-arkajygyny, ellerini we aýaklaryny öýkalaň. Çaga bilen ýuwaşa, bir owazly sesde gürleşiň. Ol kem-kemden rahatlanar we uka gider.

Bilelikdäki uky

Köplenç çagalar ene-atanyň düşeginde tiz uklaýarlar. Eje ýanynda ýatsa köp çagalary rahatlandyrýar: çaganyň ýanynda az wagtlap ýatsaňyz ol tiz uka gider. Ondan soň ony öz ýerine geçirmek bolar.

Emdirmek ýa-da çüýşejikden iýmitlendirmek

Eger-de çaga ýadap we hiç ýatyp bilmedik ýagdaýynda, ony emdirseňiz ýa-da çüýşejikden iýmitlendirip bilersiňiz: emýän wagty çaga hemişe rahatlanýar. Ýöne howpsuzlygy ýatdan çykarmaň! Çagany çüýşe bilen ünsiz goýmaň. Çaga suwuklygyň akymyny başaryp bilmezligi mümkin, şonuň üçin siziň meseläňiz-ony gözegçilikde saklamak.

Sabyrlyk bilen garaşmak

Eger-de teklip edilen usullar size kömek bermedik ýagdaýynda, onda çaganyň özi uky gidýänçä garaşmaly, Elbetde, bu usul has çydamly ene-ata üçindir sebäbi çagalar dogrydan-da egsilmez energiýa çesmesine eýedirler.

تاریخ و زمان خبر

12

08

2018

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda