4bskf2b2bd3b0b1h1yu 800C450 300x199 - ÇAGA DOGULMAGY BILEN BAGLY DÖRÄN YRYMLARTurkmensnews: Çagasy bolmaýan aýalyň kellesine ýolbar­syň bir bölejik tüýüni daňyp goýma­ly­myş.

 Çagasy bolmaýan aýaly ilkinji gezek täze köprüden geçirmelimiş.

* * *

Çagasy bolmaýan aýal iki sany gurjak ýasap (biri-gyz gurjak, biri oglan gurjak), bir garry aýal bilen öwlüýä aýlanyp, ol ýerden toprak getirip, bir çümmük duz bilen garyp, dogajyk edip, alaja işip, gurjagyň boýnuna dakyp, öýüň bir ýerinden asma­lymyş.

* * *

Çile düşen aýalyň çagasy bolmaýarmyş. Çile düşende dürli sapakdan aýalyň boýuna deňme-deň kesip, ýola zyňmalymyş ýa-da öwlüýäde bir agaja ildirip goýmalymyş. Ol sapaklar ýedi dürli bolmalymyş.

* * *

Çile düşüp, çagasy bolmaýan aýal täze doglup, çileden çy­ka­rylan çaganyň çile suwuna ýanýoldaşy bilen suwa düş­melimiş.

* * *

Merhum jaýlanylyp gelnende, ýaş gelinli, ikigat gelinli öýe gölegçi gelip girse, şol gelinlere çile düşýärmiş. Şon­da ýaş gelne çile düşse, çagasy bolmazlygy ahmalmyş. Ikigat gelniň çagasyna çile düşse, şol çaga dünýä inenden soň hem hiç eýik­mezmiş. Şonuň üçin, cagasy bolmaýan aýal maşgalany ýa-da eýikmeýän çagany öwlüýä barýan gölegçiniň öňünden geçirip­dirler.

* * *

Eger-de bir gelin çörege çagyrylsa, öýde ýaş gelin (kyrk gün bolmadyk) ýa-da kyrk çileden çykmadyk çaga bar bolsa, olar ilki daş çykmaly, çagyrylan gelin öýe girenden soň, olar girmelimiş, ýogsa çile düşmegi ahmal. «Çile düşen gelinden çaga önmez» diýilýär. Çile 3, 5, 7, 14 ýyllyk düşüp bilýärmiş.

* * *

Aýal adam, aýratyn hem ýaş gelin kir suw, kül, hapa dö­külen ýerlerden geçmezlige ça­lyş­maly. «Ol ýerlerde arwah-jyn gezermiş, bu ýagdaýlar çaga bolmazlygyna sebäp bolup biler» diýilýär.

* * *

Merhum öýden çykarylmanka, şol öýe hamyla gelin girse, çile düşüp, çaga bolmazlygy ahmal.

Çile düşen aýal maşgala böwet basylgy akar suwuň öňün­den böwedi aýran wagtlary ylgap geçmelimiş.

* * *

Eger-de çaga çile düşüp eýikmese, tereziniň bir tarapyna çagany salyp, beýleki tarapyna duz goýup çekmelimiş.

* * *

Çile düşüp, wagtynda ýöräp bilmedik çaganyň aýaklaryna gur­banlykda öldürilen malyň içegesini orap kesmelimiş.

* * *

Täze edinilen iki ýaş gelin biri-biriniň öňünden çyksa, çile düşüp, gelinleriň biriniň çagasynyň bolmazlygy ahmal. Şonuň üçin hem, gelinleri ýolda gabat getirmejek bolup çalyşmaly. Her hili çilelerden gorap saklamaly. Eger täze gelin öňünden gelýän bolsa, beýleki gelin başga tarapa sowlyp gitmeli.

* * *

Çagasy bolmaýan aýal täze gelen gelniň öňünden geçse, ýaş gelne çile düşermiş, şol gelniň çagasy bolmazlygy ahmal.

* * *

Çagasy bolmaýan aýal öwlüýä gidip, çile agajynyň daşyn­dan aýlansa ýa-da aşagyndan geçse, çilesi açylarmyş.

* * *

Çagaly gelin öwlüýä barýan gölegçileriň öňüni kesip geçse, çile düşer, gelniň çagasynyň bolmazlygy ahmal, eger çaga çile düşse, çaga eýikmezmiş.

* * *

Çagasy durmaýan aýal iki sany gurjak (gyz we oglan gurjak) ýasap, bir garry aýal bilen öwlüýä gidip, bir gara towu­gyň damagyny çaldyryp, onuň ganyndan gurjaklara çalyp, öwlüýäde goýup gaýtmaly. «Şeýle edilse, çaga durarmyş» di­ýil­ýär.

* * *

Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, enesi ýa-da atasy göbegini kesse, şol çaga durýarmyş.

* * *

Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolan wagty, onuň depe­sin­de bir gara towugyň damagyny çalyp, şol çaganyň ýoldaşy bilen bilelikde ýere gömmelimiş. Şeýle edilse, çaganyň duraý­magy ahmal, towuk onuň başy­nyň sadakasy bolup, onuň ýol­daşy bilen ýere gömülýär, ýerine çaga ýaşar.

* * *

Çaga durmaýan bolsa ýa-da çaga bolmaýan bolsa, her hili yrymlar edilipdir. Eger maşgalada öň bir çaga bar bolsa, şon­dan soň çaga durmadyk bolsa, şol çaganyň maňla­ýyna, aýagy­nyň aşagyna, syrtyna «yrym-yrym, ýom-ýom» edip, çalaja ot degräýme­li­miş.

* * *

Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolanda, yrym edip, başga bir aýala «ogurladan» bolup, soňra şol çagany ol aýaldan «sa­tyn alan» bolup, adyna «Satlyk, Satlykgül, Satlykgylyç, Satlyk­dur­dy» diýen atlar dakylýar.

* * *

Çagasy durmaýan aýalyň çagasy bolsa, ony gundap, itiň öňünde goýýarlar, eger-de it çagany ysgap gidiberse, «Bu çaga­ny it hem almady, ite-de gerek däl ekeni, indi muny ölüm hem almaz» diýşip, çaganyň adyna Italmaz dakypdyrlar.

Çagasy durmaýan maşgalalar, çagany göz-dilden gorar ýaly, adamynyň mertebesini peseldýän atlary dakypdyrlar. Mysal üçin: Çörli, Porsy, Kürre, Eşekguly we ş. m.

* * *

Çagasy durmaýan adamlar «Köpelip, tirkeşip gitsinler» diýen niýet bilen doglan çagalarynyň adyna «Hemra, Tirkiş, Tir­keş, Jora, Joraguly» ýaly atlary dakýarlar.

* * *

Çagasy durmaýan aýalyň ogly bolsa, ony gundapjyk taga­nyň aşagyndan geçirýärler-de, adyna «Tagan, Tagandurdy, Ta­gan­geldi, Tagangül, Taganbibi» ýaly atlar dakýarlar. Umuman, Tagan bilen utgaşdyrylan atlar çaganyň ömrüniň uzak bolmagy arzuwlanyp hem dakylýar. Halk arasynda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýen nakyl hem bar.

* * *

«Biri-birine daýanç bolsun» diýlip, Daýanç, Güýç ýaly at­lar dakylýar.

* * *

Çagasy durmaýan adamlar yrym edip, çaganyň göbegini orak, palta, kerki bilen kesen bolup, ömrüniň uzak, janynyň sag bolmagyny arzuwlap, adyna Orak, Palta, Kerki ýaly atlary dakypdyrlar.

* * *

Çaga entek dünýä inmänkä, onuň ogulmy-gyzdygyny yrym arkaly bilmäge çalşyp­dyrlar. Köýnek biçip otyrkalar, ýakasyny oýup, keçäniň etegine salýarlar ýa-da kelle­sindäki ýaglygyna gysdyrýarlar. «Şol wagt gapydan erkek adam ýa oglanjyk gel­se, ogul, aýal adam ýa-da gyzjagaz gelse, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.

Goýun öldürileňde, kellebaşaýak arassa­lap otyrkalar, äňini ýazdyranlaryňda, ogul­my-gyzdygyny bilmeklige çalşyp yrym edýärler. «Eger äň arassa bolup çyksa ogul, äň etli gopsa, gyz bolar» diýlip çaklanylýar.

«Çaga wagtynda dogulmasa, düýe etini iýendir» diýlip çak­lanylsa, hamyla gelni düýäniň aşagyndan, düýe bolmadyk ýer­de düýe ýüňünden dokalan saçagyň ýa-da düýe ýüňünden edi­len ýorganyň aşagyndan geçirmelimiş.

* * *

Hamyla gelniň çagasy wagtynda bolmasa, gelin heläk bo­lup barýan bolsa, tüpeň atylýar ekeni. Tüpeň sesine tisginen gel­niň çagasy aňsat doglup, eli-aýagy gowşarmyş.

* * *

Toýly aýalyň saçy guraklanyp, tarlary ýognaberse, doglan çaga öýkelek, gaharjaň bolarmyş.

* * *

Hamyla aýal merhumyň jynazasyna barsa, oňa ýogalanyň kepeniniň sapagyndan ýolup berýärler, eger şeýle edilmese, bo­lan çaganyň boýny boş bolarmyş (kellesini tutup bilmezmiş).

* * *

Hamyla aýal, çaga dogmakdan galmadyk aýal, aýbaşysy gelýän aýal merhumy ýuwmaklyga gatnaşmaly dälmiş.

* * *

Hamyla aýal saçuzyn (saçöser) iýse, doglan çaga saçlak bo­lar­myş.

* * *

«Aýalyň burgusy tutup başlanda, ony näçe köp adam eşitse, şonça-da burgusy kän tutar» diýilýär. Şonuň üçin-de, burgy tut­ýanlygyny hiç kime eşitdirmejek bolup çalyşýarlar.

* * *

Toýly gelin öwlüýä gitmeli dälmiş, çaganyň aýrylmagy ah­mal­myş.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwrüňde ýatagan bolsa, doglan çaga hem ýalta bolarmyş, çalasyn, işeňňir bolsa, çaga hem çalasyn, işeňňir bolarmyş.

* * *

Toýly gelin bir ýere barýarka, ýoldan aşyk tapsa – ogly, mon­juk tapsa – gyzy bolar, eger pul tapsa, doguljak çaga baý bolar.

Çaga doglanda, arassalyk üçin kümüş atylan suwa dü­şü­ril­ýär.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe gök önümleri, mi­we­leri kän iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş.

* * *

Aýal maşgala agzy bimaza döwründe tow­şan etini ýa-da kellebaşaýak iýse, çaganyň agzy ýa-da burny ýirik bolarmyş.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe ak zatlary köpräk iýse, çaga-da akýagyz bolup doglarmyş, eger gara zatlary köp iýse, garaýagyz çaga doglarmyş.

* * *

Hamylalyk döwründe ajy zatlary köp iýen aýalyň çagasy gaharjaň, turşy zatlary iýen aýalyň çagasy öýkelek, süýji zat­lary iýen aýalyň çagasy süýji dilli, duzly zatlary iýen aýalyň çagasynyň dili duzly bolarmyş.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe balyk kellesini iýse, çagasynyň agzy balygyňky ýaly bolarmyş.

* * *

Aýagy agyr gelin gowka iýse, çagasynyň kellesi ýylçyr takyr, oglanjyk bolsa, ulalandan soň, köse bolarmyş, gyz bolsa saçy ýuka bolarmyş.

* * *

«Aýal maşgala aýagy agyr döwründe adamsy bilen garaňky ýerde oturyp naharlanmaly dälmiş, eger şeýle edilse, doglan çaga ýaramaz gylykly bolarmyş» diýlip, ätiýaç edilipdir.

* * *

Burgusy tutup başlan aýal maşgalany tamdyryň, ojagyň daşyndan aýlap, «Sag-aman eliň-aýagyň gowuşsyn» diýmeli. Şeý­le edilse, çaga aňsat doglarmyş.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe dil iýse, çagasy dilewar bolarmyş.

Dili peltek, sakaw çaga gurbanlyk üçin soýlan ýedi malyň dilini, ýedi öýden diläp alyp, iýdirmelimiş.

Gowka – daşynyň ýüňi aýrylyp arassalanylan malyň hamy. Gaýnadylyp, bişirilip iýilýär.

Hamyla gelin sogan, sarymsak ýaly önümleri köp iýmeli. Şol önümler öýde dursa-da, peýdaly, geljekki çaga sagdyn bolarmyş.

* * *

Toýly gelniň agzy bimaza döwründe sarysy gaýnasa, köp­räk käşir iýse, çagasy saçlak bolarmyş.

* * *

Ýaş çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, içegesi giňelýärmiş.

* * *

Çaganyň synçgylawugy yzygiderli tutup dursa, onuň maň­laýyna ölläp, gök reňkli sa­pak ýelmäp goýmaly.

* * *

Saçlary buýra-buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.

* * *

Täze doglan çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz häsi­ýetli bolup ýetişýärmiş.

* * *

«Täze doglan çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolýar» diýilýär.

* * *

Çaga at goýmaly bolanda, at goýmaklygy ýaşululara, syla­nylýan-hormatlanylýan adam­la­ra, aga-inilerine, arzyly myh­man­lara yna­nylýar. Mysal üçin: «Gorkut ata» şades­sanynda at dakmaklyk paýhasly goja Gorkut ata ynanylypdyr.

* * *

Çaga at dakylanda «Adyna mynasyp bolsun» diýlip, onuň özüne mynasyp at dakmaly. Ýaramaz atlar dakmaly däl.

* * *

Allatagalanyň togsan dokuz adynyň köpüsi hem çagalara dakylýar: Rahman, Rahym, Rehmet, Jepbar, Möwlam, Kadyr ýaly atlar mysal bolup biler. Allatagalanyň adyny göni tut­mak­dan çekinilip, çaganyň ady «Taňryberdi, Sylap­ber­di, Möwlam­berdi, Ýalkapberdi, Hudaýber­di» diýlip tutulýar.

* * *

Din wekilleriniň atlaryny dakmaklyk hem ýörgünlidir: Muhammet, Aly, Osman, Omar, Patma, Äşe, Hatyja, Isa, Mu­sa, Dawut, Ýakup, Ýusup we ş. m.

* * *

Türkmen maşgalasynda wagty bilen per­zent dünýä inmese, dürli yrymlara uýup, pirleriň guburlaryna ýykylyp, öwülýälere

انتشار دهنده : Besya
دسته بندی اصلی :
تاریخ و زمان خبر

۱۱:۲۳

۰۵ شهریور ۱۳۹۸

کد خبر :

60340

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک