ترکمن نیوز

dvs vkh 300x185 - bütindünýä saglygy goraýyş guramanyň Täjigistana we Türkmenistana beren maslahatyTurkmensnews- bütindünýä saglygy goraýyş guramanyň Täjigistandaky wekili bu ýurtda koronawirusynyň hasaba alynmandygyna garamazdan Täjigistan halky saglygy goraýyş işine has çynlakaý çemeleşmelidirler diýdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bütindünýä saglygy goraýyş guramanyň Täjigistandaky wekili Galina Perfiawa Täjik tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Täjigistan jogapkärleriniň bu ýurtda koronawirusynyň hasaba alynmandygy baradaky aýdan sözlerini tassyklap Aziýanyň korona uçran 53 ýurdunyň arasynda Täjigistan bilen Türkmenistanda korona keseline duçar bolan adam ýokdyr diýdi.

Perfiawa sözüniň dowamynda Täjigistanda şu wagta çenli 700 adamyň üstünde korona keseli bilen baglanşykda synag işleri geçirilendir ýöne hemmesiniň netijeleri olaryň sagdynlygyny görkezendir diýip beýan etdi.

şol bir wagtda Türkmenistan döwletiniň yglan etmegine görä,Türkmenistan hökümeti bütindünýä saglygy goraýyş guramanyň beren maslahatlaryna üns berip koronawirusy barada maglumat ýaýratmak üçin 24 sagat gyzgyn telefon liniýasyny işe girizendir.

döwlet edaralaryň beren maglumatlaryna görä,şu wagta çenli Türkmenistanda korona uçran adam hasaba alynan däldir we raýatlar ýurduň ähli hassahanalarynda korona synaglary geçirip bilýändirler.

Türkmenistan döwleti korona keseliň bu ýurda aralaşmagynyň öňüni almak üçin bu ýurduň welaýatlarynyň arasynda raýatlar bilen ulag gatnawlaryna gaty çäklikleri girizendir.

تاریخ و زمان خبر

02

04

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda