Habarlar

  • Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlarynda türkmen pälwanlary bir altyn we bürünç medallaryň hem bäşisini eýelediler
  • Türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde nobatdaky medallary
  • Türkmen agyr atletikaçylary Anahaýmada sowly çykyş edýärler
  • Döwlet Baştutanymyzyň saýlanan eserleriniň 10-njy tomy çapdan çykdy
  • Daşary ýurt dillerini okatmagyň ulgamy kämilleşdirilýär

Date : Tuesday, 23 January , 2018

Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi

News ID : 7542
Date : 23 Jan 2018
Time : 0:38
Print
Share :
Change Font Size

Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar.

Baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemleniler.

Awstriýanyň we ýurdumyzyň sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatlary, Russiýa Federasiýasynyň sirk toparynyň çykyşlary halkara çäreleriniň hatarynda görkezildi.

15-nji dekabrda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçiriler.

Tags :