ترکمن نیوز

3 300x198 - Aýasofýanyň Açylyşy Dünýäde Giň Seslenme DöretdiTurkmensNews-  Aýasofýa Kebir metjidinde 86 ýyl aradan soň juma namazynyň okalmagy dünýä metbugatynda giň beýan tapdy

Ýapon metbugatyndaky habarlarda Aýasofýa Kebir metjidiniň ۸۶ ýyl soň muzeýden metjide öwrülmegi, Prezident R.T.Erdoganyň we syýasy liderleriň ilkinji juma namazyna gatnaşmagy, metjidiň içinde edilen özgertmeler barada durlup geçilýär.

“Asahi Şimbun” gazeti “Metjide öwrülmeginden soň Aýasofýada ilkinji juma namazynyň okalmagy” söz başyly habarynda, ybadat sagadyndan iki sagat ozal namaz okajaklaryň ähli ýollary doldurandygyny mälim edýär.

Prezident Erdoganyň Gurhan okan pursadynda alynan fotosuraty ýerleşdiren gazet: “Namazda üsti ýapyljak hristiýanlyga degişli motiwler soň açylar we ähli zyýaratçylar Aýasofýany tölegsiz gezip bilerler” diýip ýazýar.

“Ýomiuri Şimbun” gazeti bolsa, Wizantiýa İmperatorlygyndan bäri Aýafosýanyň taryhy we Stambulyň zabt edilmegi bilen Osman döwletiniň gözegçiligine geçmegini gürrüň beripdir. Gazet metjitde we meýdanda ilkinji juma namazy üçin jemlenşenleriň fotosuratyny saýlap alypdyr.

4 300x198 - Aýasofýanyň Açylyşy Dünýäde Giň Seslenme Döretdi

“Tokio Şimbun” gazeti bolsa, “Aýasofýada ilkinji juma namazy” söz başyly habarynda, Stambuldaky dünýä mirasynyň ۸۶ ýyl soň Erdoganyň karary bilen metjide öwrülendigini mälim edýär. Habarda Prezident Erdoganyň we syýasy liderleriň birinji hatarda alynan suratyna hem orun berilipdir.

Katarda çap edilýän gazetler hem Aýasofýa Kebir metjidinde okalan ilkinji juma namazyny “Taryhy gün” hökmünde häsýetlendiripdirler.

“Al-Şark” gazeti habarynda Prezident R.T.Erdoganyň Aýasofýa Kebir metjidini bütin adamzadyň medeni mirasy hökmünde häsýetlendirip, dini ynanjyna garamazdan her bir adamyň metjidi görmelidigini aýdandygyny ýazýar.

“Raýa” gazeti hem birinji sahypasynda “Aýasofýa taryhy juma gününde namaz okanlar bilen buýsanýar” söz başysyny saýlap alypdyr.

“Watan” gazeti bolsa “Erdogan Aýasofýadaky ilkinji juma namazynda Gurhan okady” söz başysyny ulanypdyr.

تاریخ و زمان خبر

26

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda