ترکمن نیوز

2 300x185 - Aýasofýa Metjidi Şu Gün 86 Ýyl Soň Okalan Juma Namazy Bilen Ybadata AçyldyTurkmensnews- Erdogan juma namazyndan öň gurhan okady.

Kysykly etrapçasyndaky kabulhanasyndan gaýdan we Türkiýe wagty bilen sagat 12:00-da Aýasofýa meýdanyna gelen Erdogan raýatlaryň çapalaklary bilen garşylandy.

Namaz okamak üçin meýdanlara dolanlar, Erdoganyň gelmegi bilen şygarlar aýtdylar.

Erdogana Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun ýoldaşlyk etdi.

Din işleri guramasynyň Başlygy Ali Erbaş tarapyndan garşylanan Prezident Erdogan, juma namazy üçin Aýasofýa Kebir metjidine girdi.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop we Milletçi hereket partiýasynyň Başlygy Dewlet Bahçeli hem Aýasofýa bardylar.

Prezident Erdogan Din işleri edarasy tarapyndan metjitde geçirilen çärede okalan gurhany diňledi.

Soň Aýasofýa Kebir metjidiniň ۴ minarasynda 4 azançy bilelikde sala okadylar.

Minaralardan beýgelen salalardan soň Prezident Erdogan Fatiha süresini we Bakara süresiniň ilkinji 5 aýatyny okady.

Jemagat Din işleri edarasynyň Başlygy Ali Erbaşyň ýoldaşlygynda doga okady.

Sünnet namazyndan soň hutba okan Ali Erbaş, parz namazyny okatdy.

Metjidiň ybadata açylmagy sosial media platformalarynda berilen habarnamalar bilen gün tertibinde uly seslenme döretdi.

Metjidiň açylyşy teleýaýlymlarda we sosial media platformalarynda göni ýaýlymda berildi.

Çärä Prezident R.T.Erdoganyň şahsy sosial media hasaplaryndan we Aýasofýa Kebir metjidiniň adyna açylan resmi Twitter hasabyndan hem tomaşa edildi.

تاریخ و زمان خبر

24

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda