ترکمن نیوز

ایاصوفیا 300x169 - Aýasofýa 24-nji iýul anna güni ybadata açylarTurkmensnews-  Prezident R. T. Erdogan, Aýasofýanyň gapysynyň, ýerli we daşary ýurtly, musulman we musulman däl her bir adam üçin açyk boljakdygyny aýtdy

Prezident Erdogan, Döwlet geňeşiniň Aýafostanyň muzeýe öwrülmegi kararynyň bes edilmegi we  ýaňadandan ybadata açylmagy baradaky kararyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan “Adamzadyň umumy gymmatlygy, mirasy bolan Aýasofýa, täze statusy bilen her bir adama gujak açmaga dowam eder” diýdi.

Erdogan, her adamy Aýasofýa barada Türkiýäniň adalat we ýerine ýetiriş organlary tarapyndan kabul edilen kararyna sarma goýmaga çagyrdy.

Prezident Erdogan “Watikanyň muzeýe öwrülip ybadata ýapylmagyny talap etmek bilen, Aýasofýanyň muzeý hökmünde galmagyny islemek şol düşünjäniň netijesi” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulyň Osman İmperatory Fatih Soltan Mehmet tarapyndan 1453-nji ýylda zabt edilmeginden soň Aýasofýanyň metjide öwürlip, abatlanandygyny ýatladyp, ýetilen sepgidi: “Bu doly 567 ýyllyk hukuk. Dini ynanja görä diskussiýa edilmeli bolsa, ol Aýasofýa däl, eýsem yslam duşmançylygy we daşary ýurtlulara ýigrenç bilen garamaklyklyk bolmaly” diýdi.

Türk milletiniň Aýasofýa gözüň göreji ýaly seredendigini aýdan Erdogan: “Ol şeýle ýokarda, “taňrynyň hikmedi” manysyny aňladýan asyl adyny üýtgetmegi pikirem etmedi” diýdi.

Erdogan 2020-nji ýylyň ۲۴-nji iýulynda, anna güni juma namazynda 86 ýyl soň Aýasofýany ybadata açmagy meýilleşdirýändiklerini hem nygtady.

Türkiýede ybadata açyk 435 buthananyň, sinagogyň we ýehudi ybadathanasynyň bardygyny ýatladan Erdogan: “Ol tapawutlyklarymyzy baýlyk hökmünde kabul edýän düşünjämiziň netijesi” diýdi.

Prezident Erdogan sözlerini: “Aýasofýanyň direlişi Al Aksa metjidiniň azatlyga çykmagynyň buşlukçysydyr” diýdi.

تاریخ و زمان خبر

11

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda