ترکمن نیوز

Aşgabatda Türkmen-German iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildiTurkmensNews-  ۲۰۲۰-nji ýylyň ۲۳-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň ۹-njy mejlisi geçirildi

 

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparynyň arasyndaky özarahereketleriň derejesine ýokary baha berdiler, şeýle-de ýurtlaryň ikisinde hem maýa goýum şertleriniň mundan beýläk hem ösdürilmegi babatynda teklipleri orta atdyrlar.

Mejlise gatnaşyjylar nebitgaz çykaryjy senagatda, maliýe we saglygy goraýyş ulgamynda häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda işleýän hünärmenleriň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça maksatnamalary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.

 

 

تاریخ و زمان خبر

27

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda