ترکمن نیوز

Eýran 2 300x169 - Amerikanyň prezidenti kim bolsada Eýrana möhüm däldirTurkmensNews-  Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň prezidenti her kim bolsada Eýran Yslam Respublikasyna möhüm däldir diýdi

 

şu gün Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh ABŞ-nyň milli aňtaw gullugynyň başlygynyň Eýranyň ABŞ saýlawlaryna goşulýandygyny aýdan sözleriniň gaýtawulynda Amerikalylar käbir ýurtlara garşy aňtaw göreşi başlamaga ennik edendirler diýdi.

Hatibzadeh şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy ABŞ-nyň içerki syýasatyna asla ähmiýet bermeýär we Amerikanyň içinde bolup geçýän zatlar, Amerikan halkyna degişlidir diýip yglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili sözüniň dowamynda Eýran üçin möhüm mesele ABŞ-nyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, gozgalaňy we ulumsylygy bes etmegidir diýdi.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň başlygy Jon Ratkliffe ýaňy-ýakynda Eýranyň Orsýet we Hytaý bilen birlikde ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna goşulmaga synanyşýandygyny toslady.

 

 

تاریخ و زمان خبر

04

09

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda