ترکمن نیوز

Ruhani 1 300x169 - Amerikanyň haýbat atmalary sebäpli ýüze çykan ynsanlyk ýalňyşy uçar heläkçiliginiň sebäbidirTurkmensNews-  Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani el-gatyjy Amerika režimiň gorky döredip Eýran milletine haýbat atmagy sebäpli ýüze çykan ynsan ýalňyşmasy Ukrainanyň uçarynyň ýere gaçmagynyň asly sebäbidir diýip yglan etdi.

prezident Ruhani bir beýannama arkaly Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň Ukraina degişli uçaryň hadysa uçramagy baradaky bildirişine yşarat edip bu hadysa babatly gynanç bildirmek bilen milletler,döwletler we bu hadysada gurban bolanlaryň içeri maşgalalary bilen duýgydaşlyk bildirip Amerikanyň Eýran milletine haýbat atyp gorky döretmeginiň yzy bilen Eýranyň ýaragly güýçleri Amerika goşunynyň ähtimallaýyň hüjümleriniň garşysynda goranmak üçin gynanç bilen adam ýalňyşmasy sebäpli bu uly pajyga ýüze çykandyr we onlarça ýazyksyz ynsan pida bolandyrlar diýdi.

prezident Hasan Ruhani bu pajyganyň bütin sebäplerini barlamak ugurdaky hereketler we tagallalar dowam etýändir we bu ýalňyşlyklaryň sebäpkärlerini kanuny taýdan yzarlajakdyrlar we ele gelen netijeler hem Eýran milletine we gurban bolanlaryň içeri maşgalalaryna yglan ediljekdir diýip nygtady.

تاریخ و زمان خبر

11

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda