ترکمن نیوز

araghchi 300x174 - Amerikanyň gadaganlyklary Eýran milletiniň yradasyna zerre täsiri bolmazTurkmensNews-  Ýaponiýa sapar eden Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Eýran Yslam Respublikasynyň geçen 40 ýyllykda Amerikanyň güýçli gadaganlyklaryna gabat gelendigini ýatladyp şondan gelende bu gadaganlyklaryň Eýran ilatynyň yradasyna zerre täsiri bolan däldir diýip ynam bildirdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Tokio-da orta gündogaryň howpsuzlygy barada geçirilen bir maslahatda beren gürrüňlerinde Eýranda Yslam Ynkylabynyň üstünliginden soň Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren gadaganlyklaryna we basyşlaryna garamazdan durmuşda Eýran sebitiň kuwwatly we durnukly ýurdydyr diýip beýan etdi.

durmuşda Aziýanyň günbatary her bir zamandan beter parahatçylyga mätäçdir we bu sebitiň parahatçylygynda sebit ýurtlaryň özleri üpjün etmelidirler diýip Aragçi aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary şeýle-de Aziýanyň günbataryndaky dartgynlylyklara şol sanda DAEŞ,Ýemen we Siriýanyň uruşlaryna hem-de Yrak we Liwanyň dartgynlylyklaryna yşarat edip bu dartgynlylyklaryň sebitdäki kesekileriň şol sanda Amerikanyň goşulmaklaryndan täsir alýandygyny aýtdy.

تاریخ و زمان خبر

03

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda