ترکمن نیوز

ruhani amrika 300x169 - Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary hiç bir tarapyň peýdasyna däldirTurkmensNews-  Ýaponiýanyň premýer ministrniň resmi çakylygy bilen bu ýurda sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Amerikanyň öz wezipesinde tapylman bir taraplaýyn ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagy diňe Amerikanyň däl-de eýsem bu halkara ylalaşyga gol çeken hiç bir tarapa üçin hem peýdaly däldir we gadaganlyklaryň iki tarapa hem zyýanlydygyny subut etmekden başga netijesi bolan däldir diýip nygtady

prezident Ruhani şu gün Tokio-da Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe bilen geçiren duşuşygynda hemme ýurtlar Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň ۲۲۳۱-nji karar hatyna jogapkär bolmalydyrlar diýmek bilen Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren bir taraplaýyn gadaganlyklary ykdysady terrorizmiň bir görnüşidir oňa görä terrorizm bilen garşylaşýan ýurtlar hökman Amerikanyň bu gadaganlyklary bilen garşylaşmalydyrlar diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Eýran özüniň bähbitleri ugurynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramakda elde baryny gaýgyrmaz diýmek bilen bu ylalaşygyň beýleki taraplaryndan öz borçlarynda tapylmaklaryny isledi.

Amerikanyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan bir taraplaýyn çykyp Ýewropalylaryň hem öz borçlarynda tapylmazlyklaryndan soň Eýran bu ylalaşykdaky öz jogapkärçiliklerini tapgyrlaýyn azaldandyr we Eýranyň bu işi hem ýadro ylalaşygyň bentlerine laýyklykda ýerine ýetendir diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýran sebit we goňşy ýurtlaryň arkalaşmaklarynda sebitiň we dünýäniň parahatçylygy we asudalygy ugurynda hemişe tagalla edýändir we bu ugurda hem şu mahala çenli sebit ýurtlaryň başlyklaryna bir näçe haty ýollandyr diýip prezident Ruhani aýtdy.

bu duşuşykda Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe hem Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň Tokio saparyndan hoşalyk bildirip Eýran bilen Ýaponiýanyň diplomatik aragatnaşyklarynyň başlanmagyndan 90 ýylyň geçendigine yşarat edip soňky ýyllarda Tehran bilen Tokionyň arasyndaky resmileriň gatnawlary köpelendir diýip yglan etdi.

ol şeýle-de öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan aragatnaşyklaryny bütin ugurlarda ösdürmegiň tarapdarydygyny aýdyp Tokio özüniň Tehran bilen saklaýan arkalaşyklaryny ähli örilerde ösdürmekçidir diýip beýan etdi.

تاریخ و زمان خبر

21

12

2019

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda